Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ABORT – ÇYKALGA DÄL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (17 Ses)

abort cykalga dal

 

MÄHRIBAN JORA WE DOST!

Gynansakda, zenan öz durmuşynda diňe bir bäbekhana çaga dogurmak üçin aýagyny basman, abortyň kömegi bilen çagasyndan dynmak üçin lukmanyň otagyndan hem ätlemeli bolýar. Şu eliňe alan kitapçaňda zenan üçin wajyp bolup görünýän ikinji çözgüdiň howply taraplaryna degişli soraglar babatda gysgaça maglumat berilýär. Kitapçadaky abort barada lukmançylyk jähtinden dogry maglumatlar saňa öz çözgüdiňi saýlap almana kömek berer diýip umyt edýäris.

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈ 2.4 MB)

  • 6636 gezek okalan

BU SENIŇ ÇÖZGÜDIŇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (33 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Biz "Önelgelilik we onuň meseleleri" boýunça geçirýän maglumatlar kampaniýamyzyň dowamynda "BU SENIŇ ÇÖZGÜDIŇ" atly kitapçany taýýarladyk. Bu kitapçanyň maksady ýaşlary jynsy gatnaşyklary geçirmäge çagyrma däl-de, bu gatnaşyklary başlamagy ýüregine düwen ýetginjeklere bu meselede wajyp bolan esasy maglumatlary ýetirmedir. Kitapçada jynsy gatnaşyklaryň ýetginjegiň durmuşyňy üýtgedip, uly jogapkärçiligi talap etjekdigi üns merkezinde goýulýär. Jynsy gatnaşyklaryň başlanmagynyň hemişe söýgüni alamatlandyrmaýany ýatladylýär. Kitapça bu gatnaşyklara mahsus kynçylyklar barada (islenilmedik göwrelilik, jyns ýollary arkaly geçýän ýokanç keseller) habardar edýär we goraglylyk babatda maglumat berýär.

Kitapçada beýan edilen maglumatlar ýetginjeklere ýagdaýa dogry baha bermäge kömek berer diýip umyt edýäris. Türkmen ene-atalaryna bu barada habarly bolup, dogry maglumatlar bilen bu wajyp meseleden ýetginjek çagalary bilen söz açmaga, gürrüňdeş bolmaga kömek berer diýip tama edýäris.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÝOKARDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈350 KB)

  • 8123 gezek okalan

ÇAGA GARAŞYLAN BOLMALYDYR!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (30 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Biz "Önelgelilik we onuň meseleleri" boýunça geçirýän kampaniýamyzyň dowamynda ""Çaga garaşylan bolmalydyr" ýa-da göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada nämeler bilmeli?" atly kitapçany taýýarladyk. Bu kitapça maşgalany meýillerşdirmegiň wajyp meselelerine degişli maglumatlary sada dilde okyjylaryň giň köpçüligine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Biz öz kitapçamyzda has ýörgünli ulanylýan göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada esasy maglumatlary bermäge çalyşdyk. Şu wagt ene-ata bolmaga howlukmaýan bolsaň, öz durmuşy meýilleriňize, saglyk ýagdaýyňa we ýaramlylygyna baglylykda, sen öz kontraseptiw serişdäni saýlap bilersiň. Bu saýlawy Sen diňe lukman bilen bilelikde amala aşyrmalysyň!

Dogjak çaga garaşylan bolanda – diňe şu ýagdaýda ol ene-atanyň bagtlylygyny, maşgalanyň berkligini we mähirli gurşawy üpjün edip biler!

Türkmenleriň "Ýekäniň çaňy çykmaz" diýip aýdyşy ýaly, biz ýekelikde köp zady etmegi başarmarys. Şonuň üçin-de, biz Seniň ýardamyňa mätaç! Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma!

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÝOKARDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈2.2 MB)

  • 14533 gezek okalan

HEMIŞE MERDEM BOLAÝYN DIÝSEŇIZ...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (34 Ses)

Hormatly okyjy!

Saglyk.org saýtynyň sahypalarynda önelgelilik meselelerini dürli taraplaýyn beýan edýän makalalaryň, teswirlemeleriň saldymly bölegine duş gelmek bolýar. Bu bolsa jemgyýet üçin şeýle wajyp meseläniň aýratynlyklarynyň özboluşly ünsi talap edýändiginden güwä geçýär.

Önelgelilik meseleleriniň çözgüdi aýal we erkek saglygynyň hil görkezijilerine baglydyr. Ýöne aýallar öz tebigy ykjamlygy we jogapkärçiligi sebäpli öz saglyk ýagdaýlaryna ünsli çemeleşselerde, erkek adamlar barada şeýle diýip bolmaýar.

Erkek adamlaryň hem öz saglygyna ünsli bolmalydygyny ündäp, biz Siziň dykgatyňyza "Hemişe merdem bolaýyn diýseňiz..." atly kitapçany hödürleýäris.

Bu kitapça biziň ýan ýoldaşlarymyzyň, atalarymyzyň, erkek doganlarymyzyň saglygyna howp salyp biljek sebäpler we olaryň öňüni almaga kömek etjek çäreler baradadyr. Bu kitapçany okap we dost-ýarlaryňa hem hödürläp, öz saglygyň barada alan bilimleriňi artdyrarsyň we ony ýerlikli ulanarsyň diýip umyt edýäris.

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈1.7 MB)

  • 8790 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.81 (53 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Biz "Önelgelilik we onuň meseleleri" boýunça geçirýän kampaniýamyzyň dowamynda "PREZERWATIW: SAGLYGYŇ BARADA ALADA" atly kitapçany taýýarladyk. Bu kitapça önelgeliligiň wajyp meselelerine degişli maglumatlary sada dilde okyjylaryň giň köpçüligine ýetirmek üçin niýetlenendir. Türkmenleriň "Ýekäniň çaňy çykmaz" diýip aýdyşy ýaly, biz ýekelikde köp zady etmegi başarmarys. Şonuň üçin-de, biz Seniň ýardamyňa mätaç! Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma!

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈1.5 MB)

  • 12864 gezek okalan
1 1 1 1 1

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da indiwidual habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Önelgelilik saglygy umumy beden saglygynyň möhüm düzüjileriniň biri bolup, onuň binýady çagalyk we ýetginjeklik döwründe tutulýandyr. Önelgelilik saglygy adam ömrüniň dürli döwürlerinde önelgelilik ulgamynyň kadalay işiniň çäginde fiziki, ruhy we sosial görkezijileriň deňagramlylyk ýagdaýydyr. Önelgelilik ulgamy nesil öndürme işini amala aşyrýan beden agzalarynyň toplumydyr.

Biziň kampaniýamyzyň esasy maksady – önelgelilik saglygy babatda halkymyzyň  bilimini artdyryp, adamlaryň endiklerini üýtgetmek

Önelgelilik saglygynyň meseleleri boýunça maglulamatlar kampaniýasynyň esasy maksady adamyň önelgelilik ulgamynyň anatomiýasyny we fiziologiýasyny, oňa ýaramaz täsir edýän faktorlary, sagdyn jynsy gatnaşyklar, sagdyn göwrelilik ýagdaýy barada adamlara dogry maglumatlary ýetirip, bu babatda olary bilimini artdyrmakdan ybaratdyr. Biz şeýle bilimi alan adamyň öz saglygy barada alada etjegine, önelgelilik ulgamy babatda ýüze çykaýjak kynçylyklarynyň öňüni almaga ymtyljakdygyna umyt baglaýarys. Bu soraglar adam durmuşynyň syrly, pynhan bölegini tutup, köp adamlaryň hemişe olar barada aç-açan gep agmaga utanýandyklaryny hem göz öňünde tutanýarys. Şonuň ýaly-da, bu soraglar babatda her adamyň öz tejribesi, bilimi, şahsy garaýyşlary, milli däp-dessurlaryna laýyklykda öz pikirleriniň bolup biljekdigini hem bellemelidiris.  

Önelgelilik saglygynyň hili köp babatda adamyň ýaşaýyş tertibine, endiklerine, onuň jynsy gatnaşyklaryna jogapkärli çemeleşme derejesine bagly bolup durýandyr. Şonuň üçin-de, biziň saýtymyz belli bir netijä gelmäge ýardam berýän dürli nukdaýnazarlaryň we pikirleriň orta atalyp, çekeleşikleriň geçirilmegini goldaýar. Biz saýtda berilýän maglumatlaryň 14-16 ýaşlaryndaky juwanlar üçin-de, baý durmuş tejribesi bolan uly ýaşly adamlar üçin-de deň derejede gyzykly, düşnükli we peýdaly bolmagyny maksat edinýäris.

Bedeniň önelgelilik ulgamynyň ýagdaýyna köp faktorlar täsirini ýetirip biler:

  • Ata-enäniň ýaşy. Nesil öndürmek üçin iň amatly ýaş aralygy-20-35 hasaplanýar.
  • Aýalda çaga dogrumlarynyň arasynyň ýygylygy. Çaga dogrumlarynyň arasynyň 2-2,5 ýyldan az bolmaly däldigini lukmanlar nygtap belleýärler.Bu möhlet geljek dogrum üçin güýç toplamaga we aýalyň hem-de çaganyň saglygyny berkitmäge ýardam berýär.
  • Abort etmek – nesil öndürmäni kadalaşdyrmagyň oňaýly usuly hasaplanmaýar. Ol zenan saglygy üçin howply bolup, dürli gaýraüzülmelere getirip biler. Häzirki zaman göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini dogry we ýerlikli ulanmak, bu kynçylyklaryň öňüni alyp, adamyň seksual durmuşyny dartgynlylykdan, gerekmejek ýaramaz tolgunmalardan azat etmäge kömek edip biler.
  • Jynsy gatnaşygy arkaly geçýän keseller (weneriki keseller) önelgelilik agzalarynyň keselçiliginiň, köplenç hem aýal we erkek önelgesizliginiň sebäpleri bolup bilerler. Öz saglygyňa jogapkärli garama we goraýyş çäreleri ulanma (meselem, prezerwatiw) Sizi köp kynçylyklardan halas edip biler.

Maşgalany meýilleşdirmek, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň howpsuz usullaryny ulanmak Siziň saglygyňyzy gorap, sagdyn we garaşylýan çagalary dünýä indirmäge, maşgala durmuşynda bagtyýar bolmaga kömek eder.

Su maksat üçin Biz:

  • pikir alşylýan mesele boýunça belli bir netijä gelmäge ýardam berýän çekeleşikleriň we pikir alyşmalary medeniýetli esasda aç-açan gurnamak isleýäris.
  • önelgelilik saglygy, jynsy gatnaşyklar bilen bagly wajyp meseleleri hemme taraplaýyn açyp görkezýän we olar barada doly maglumatlary berýän makalalary taýynlap Siziň dykgatyňyza ýetireris.
  • Saýtyň okyjylaryna bu babatda gyzyklanýan soraglaryna doly jogaby we düşündirişi düşnükli we sada dilde bermäge çalşarys.

Sizden saýtyň okyjylaryndan bolsa, biz:

  • jemgyýetimizdäki saglyk meselelerini ýüze çykarmaga we olaryň çözgüdini tapmaga işjeň gatnaşmagyňyza garaşýarys.
  • öz sowallaryňyz bilen ýüzlenip, pikirleriňizi, bellikleriňizi mälim etmek arkaly, saýtyň işine ýardam bermegiňize garaşýarys.
  • alan maglumatlaryňyz öz durmuşyňyzda, maşgalaňyzda ulanyp, olary dost-ýarlaryňyz, tanyşlaryňya bilen paýlaşmagyňyza garaşýarys.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. MEREZÝEL KESELI

2. AÝBAŞYDAN GALMA DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY

3. GÖWRELILIK WE JYNSY GATNAŞYKLAR

4. EJE JAN, MENI HALAS ET!

5. JYNSY GATNAŞYKLARY "AJADÝAN" ÝENE BIR SEBÄP

6. ÝATGYDAN DAŞARKY GÖWRELILIK

7. AÝALYŇ WE ERKEGIŇ JYNSY ISLEGINIŇ ARASYNDA TAPAWUT BARMY?

8. ERKEKLIK JYNS MÄZINIŇ ADENOMASY: SEBÄPLERI WE KLINIKI ALAMATLARY

9. GÖWRELILIGIŇ GORMONAL ÖŇÜNI ALYŞ SERIŞDELERI: TOSLAMALAR WE HAKYKAT

10. PREZERWATIW: SAGLYGYŇ BARADA ALADA

  • 30698 gezek okalan