AÝALYŇ WE ERKEGIŇ JYNSY ISLEGINIŇ ARASYNDA TAPAWUT BARMY?

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (114 Ses)

AÝAL   WE   ERKEK   SEKSUALLYGYNYŇ   AÝRATYNLYKLARY

Erkek we aýal seksuallygynyň meňzeşliklerini we tapawutlaryny öwrenmek seksologiýanyň çylşyrymly soraglarynyň biridir. Bu soragy çözmek  dürli faktorlary – anatomiýa we fiziologiýa aýratynlyklaryny, seksual häsiýetlilik, ahlak gymmatlyklary we jemgyýetdäki ahlak düzgünlerini öwrenmegi talap edýär.

Bir tarapdan bu tapawutlar biologiýanyň kanunlary bilen düşündirilse-de, beýleki tarapdan dürli jemgyýetlerde aýallara we erkeklere degişli edilýän jynsy häsiýetlendirmelere üns bermeli bolýar.

Göräýmäge, erkeklik seksuallygynyň öwrenilmeginde hiç hili çylşyrymlyklar bolmaly däl ýaly. Jynsy gatnaşyklara barada gürrüň edilende, hemme zat aýdyň we ýönekeý ýaly görünmegi-de ahmal. Hakykatda welin erkeklik seksuallygynyň döremegi we kämilleşmegi köpdürliligi bilen tapawutlanyp, bu mesele inçeden çylşyrymlydyr.

Geliň, ol köpdürliligiň käbir möhüm taraplaryny belläp geçeliň:

1. Sagdyn erkek adamda jynsy gatnaşyga bolan isleg hemişe döräp bilýändir. Jynsy islegi aýal maşgalanyň görmegeýligi ýa-da onuň erkegiň başga seksual ülňülerine gabat gelmegi döredip biler.

2. Erkeklik seksuallygyna we onuň özüne bolan ynamyna ujydyň ululygy has aýdyň täsir edýändir.

Bu babatda köp ýörgünli ýalňyş düşünjeler bar. Köp adamlar ujydyň ululygyny bedeniň boýuna we daýawlylygyna bagly etseler, başgalar onuň uzynlygyny aýaklaryň, burnuň uzynlygy, gulak ýelkenleriň ululygy bilen deňeşdirýärler. Üçünjiler bolsa ony milletçilik aýratynlyklaryna  (meselem, afrikan halklary) degişli edip, uly ujytly adamlara fiziki güýç, gaýratlylyk, ýokary önelgelik we jynsy kuwwatlylyk ýaly sypatlary degişli edýärler.

Hakykatdan bolsa bu anatomiki aýratynlyk bolup, her adamda ol dürli-dürli bolup biler.

Asuda ýagdaýda ujydyň uzynlygy ortaça 9 sm-e deň bolup, ereksiýa ýagdaýynda  gysga ujyt hem uzalmaga ukyplydyr we onuň uzynlygy 15-16sm-e çenli uzalyp biler. Ujyt nähili ululykda bolanda hem, aýal jyns agzalary islendik ululyga "öwrenişmäge" ukyply bolup, jynsy gatnaşyklaryň hil taýdan geçişine hiç hili täsirini ýetirýän däldir.

"Erkek adamlarda Siz haýsy sypatlary halaýarsyňyz?" diýen soraga jogap berip, amerikan aýallaryň 39%-otyrýeriň görnüşini, 15%-syratlylygy, 13%-garyn salmandygyny, 11%-gözleri, diňe 2%-i ujydyň ululygyny bellediler.

3. Jyns agzalaryň ululygynyň her adamda dürli bolşy ýaly, jynsy gatnaşyklara mümkinçilik hem her adamda dürli-dürlüdir. Seksual gyjynmagyň we işjeňligiň bir derejesi bir adam üçin kada bolsa, başga biri üçin ýeterlik bolmaz, üçünji biri üçin bolsa juda agramly bolup biler.

Bu babatda tapawutlar diýseň dürlüdir we ortaça görkezijilere eýermek, hemmeleri bir ölçegdäki aýakgaba geýdirmek ýaly kybapdaşlygy berip biler.

Ýokary seksual işjeňlilik we uzak, özbaşdak ýüze çykýan ereksiýalar ýetginjeklik döwrüne (14-18 ýaş aralygy) mahsus bolup, uly ýaşly erkek adamlarda ereksiýa ýagdaýy has saýlama häsiýete eýedir we onuň seksual islegi bilen hemişe bagly bolup bilmeýänligini bellemelidir.

4. Erkek adamlar jynsy gatnaşyklar barada köp gürrüň edip, oňa kän üns berýän bolsalar hem, aýallar bilen deňeşdirilende olar bu sorag babatda has ýapyk bolup,  elmydama aç-açan gürleşmäge we pikirlerini paýlaşmaga ukyply däldirler. Şonuň ýaly-da, jynsy gatnaşyklarda esasy "iş" döli dökme ýagdaýyna gönükdirilen bolup, aýal üçin juda wajyp bolan taýýarlaýjy hereketlere (sypalamalar, posalar) olar onçakly pikir bermeýärler.

Erkegiň ýaşynyň ulaldygyça, fiziologiki mümkinçilikler hem peselip, taýýarlaýjy hereketleriň dowamlylygy hem peselýändir. Amerikan seksopatology G. Goldbergiň bellemegine görä, 40 ýaşdan uly bolan erkek adamlar jynsy gatnaşygy geçirmäge, sakgallaryny syrmak işine sarp edýän wagtyndan hem az wagt sarp edýändirler...

5. Erkeklik seksuallygynda jynsy gatnaşyklaryna  diňe bir keýp almagyň usuly däl-de, uly üstünlikleri talap edýän iş hökmünde hem seredilýär. Bu işde san görkezijilerine - jynsy gatnaşyklaryň ýygylygyna we aýallaryň sanyna üns berilýändir. Ýöne aýry seksual gatnaşyklaryň köp bolmagy, hemişe ýokary hillilik we ýokary seksual kanagatlanmadan habar berýän däldir.

Aýallar bilen deňeşdirlende, erkeklerde köp jyns öýjükleri öndürilýändir we olar çalt we ýygy bölünýändirler. Ýöne öýjügiň has täze bölünmeleri uly bolmadyk üýtgemeleri (mutasiýalary) döredip biler. Ýaş ulaldygyça, bu töwekgelçilik artyp, uly ýaşly atalaryň çagalary genetiki bozulmalardan has ýygy ejir çekip biler. Şol sebäpden hem, uly ýaşly ata öz atalyk borçlaryna jogapkärli çemeleşýän bolsa hem, çagalary ýaş wagtynda dünýä indirmek howpsuzdyr.

Dölüň hil we mukdar taýdan häsiýetnamasyna stress ýagdaýlary hem uly täsirini ýetirip, testosteron gormonynyň derejesini peseldýändir.

6. Erkekleriň jynsy güýjüne doly bahany diňe aýal berip bilýändir. Şonuň üçin hem, onuň birinji jynsy tejribesinden galan ýatlamalarynyň mazmuny  onuň soňky jynsy gatnaşyklaryna täsir edip biler.

Edil şol sebäpden hem, erkek adamlaryň öz aýallaryna ikilik edip, wagtlaýyn başga aýallar bilen jynsy gatnaşyklary gözlemegi, onuň seksual talaplarynyň ýokarylygy bilen düşündirilmän, öz güýjüne ynamyny berkitmek synanyşygy bilen düşündirilýändir. Käbir erkek adamlar jynsy gatnaşyklary synag hökmünde ulanyp, köplenç öz-özüne geçirýän synaglary "ýerine ýetirijilik howsalasy" ýa-da “ussatlygyna ynamsyzlygy“ sebäpli başa barman hem biler.

7. Jynsy gatnaşykda esasy orny eýeläp, özüni sazanda, aýaly bolsa saz guraly hökmünde görmek seksual medeniýeti köp jemgyýetçilik toparlaryna mahsusdyr. Edil şol sebäplerden hem erkek adamlar seksual tejribesi bolan aýallardan köplenç gaça durup, bu babatdan tejribesi bolmadyk gyza öýlenýärler. Bu hereketler erkekleriň hemme soragy özi çözüp, aýalyň üstünden seksual hökümdarlygyny görkezmäge çalyşýanlygyndan habar berýär. Bu hökümdarlygyň gowşamagy, özleriniň erkeklik mertebesiniň peseldilmegi hökmünde kabul edilip, olarda psihiki jynsy gowşaklygyň alamatlarynyň ýüze çykmagyna getirip biler.

Erkek adamlarda seksuallyk beýle inçeden, özboluşly häsiýete eýe bolsa, aýal seksuallygynyň aýratynlyklary nämeden ybarat? Belki, aýallarda hemme zat juda ýönekeýdir.

Aýal seksuallygy diňe XX asyrda öwrenilip başlandy. Aýallaryň aňynyň we sosial işjeňliginiň ösmegi seksuallyga we ony ulanmaga hukugyň gazanylmagyny talap etdi.

XlX asyrda aýallarda jynsy sowuklyk we ýanaşmada keýp alyp bilmezlik ýagdaýy (anorgazmiýa) kadaly hasaplanýardy. Nesiller çalyşdygyça, beýle aýallaryň sany azalyp, çeh aýallarynyň arasynda geçirilen soragnamadan, 1911-1920 ýý. doglan aýallaryň diňe 31%-iň, 1950-1958ýý. doglanlaryň bolsa 79%-iň jynsy keýpi (orgazmy) başdan geçirendigi belli boldy.

Erkekler bilen deňeşdirlende, aýallarda seksual kanagatlanmanyň derejesi köp babatda emosianal faktorlara degişli bolup durýandyr. Ýoldaşyna bolan mylaýymlylyk we söýgi duýgulary, oňa ýakynlylygy duýmak, ten gatnaşygyndan keýp almak, öz gerekliligini, söýgüliligini duýmak duýgulary seksual gatnaşyga islegi we ondan alynýan kanagatlanmany ýokarlandyryp biler.

Seksolog Zigfrid Şnablyň maglumatlaryna görä, erkekler bilen deňeşdirlende öz ýoldaşy tarapyndan gerekli ünsüň, mähirliligiň berilmeýänliginden aýallar 3 esse ýygy arz edýärler.

Başga maglumatlara görä, öz ýoldaşy bilen düşünişip bagtly ýaşaýan aýallaryň ýarysyndan gowragy jynsy gatnaşykdan keýp alsalar, düşünişmezlikde ýaşaýan jübütlerde aýallaryň diňe 22%-i bu duýguny başdan geçirýärler.

Aýalyň jynsy isleginiň onuň aýbaşy halkasynyň gününe, ýagny estrogen gormonynyň derejesine baglydygyny seksologlar belleýärler. Ýöne olar diňe gormonal üýtgemelere bagly bolman, başga ýagdaýlara: adamsynyň islegine, jynsy gatnaşygy geçirmek üçin şertleriň ýagdaýyna, onda başga beden keselleriniň geçişine bagly bolup biler.

Bu ýagdaýy barlamak üçin amerikan alymy D. Zimmerman aýbaşy halkasynyň dürli günlerini başdan geçirýän ýaş aýallara erotiki manyly filmleri görkezipdir. Tejribäň görkezişi ýaly, seksual höweslenme aýbaşydan öň, aýbaşy döwri we ondan soňky döwür has ýokary bolup, onuň ikinji döwrüniň başynda ol tersine peselýändir.

Köp aýallarda aýbaşynyň öňüsyrasynda bolup geçýän  üýtgemeler – kellagyry, ýürek bulanma, keýpsizlik, gaharjaňlyk, aglaglyk alamatlary hem gormonal üýtgemeler netijesinde ýüze çykyp, seksual islegleri peseldip biler. Ýöne bu ýagdaý hemme aýalda duş gelýän däldir we onuň öňüni almak üçin bejergi çereleri geçirmek mümkindir.

Aýallarda göwrelilik döwründe seksual isleg, kanagatlanma derejesi üýtgäp, ol göwreliligiň birinji ýarymynda peselse (aş saýlama we beýleki ýagdaýlar), ikinji ýarymynda kadalaşyp ýa-da tersine, ýokarlanyp biler. Bu döwürde jynsy isleg aýalyň ýagdaýyna, göwreliligiň geçişine we başga sosial ýagdaýlara bagly bolup, göwrelilik döwründe bu soraga özboluşly çemeleşmelidir.

Erkek adamlar bilen deňeşdirlende, aýallarda jynsy gatnaşykdan keýp alma (orgazm) duýgusyny başdan geçirme ukyby birden däl-de, wagtyň geçmegi bilen gazanylyp bilner.

Bu ýagdaý aýal seksuallygynyň giç ýüze çykmagy bilen däl-de, seksual tejribe toplamak, öz bedeniňi öwrenmek, jynsy gatnaşyga gadagan edilen aýp ýagdaý, günäli iş hökmünde seredilme duýgusyndan azat bolmak ýaly faktorlaryň döremegi bilen düşündirilýär.

Jynsy gatnaşykda erkek adam orgazm ýagdaýyna çalt ýetse hem, aýallarda bu duýgynyň has uzaga çekýänligi bellenilýär.

Erkek adamlara jynsy gatnaşykdan soň belli bir wagt talap edilýän bolsa, aýallar köpsany orgazm ýagdaýy başdan geçirip bilerler. Bu ýagdaý yzygider bolup geçýän orgazmy ýa-da jynsy agzalary gyjyndyrmadan soň her birnäçe minutdan yzygider gaýtalanýan duýgulardan ybarat bolup biler.

Aýallarda ýokary keýplilik derejesine ýetme ýagdaýy dürli erogen (duýgur) nokatlary gyjyndyrma arkaly gazanylyp bilner. Erogen nokatlar aýal bedeniniň dürli ýerlerinde bolup biler.

Alymlar Fridrih we Starkeniň sorag etmegi boýunça, aýallaryň 30%-i keýp alma duýgusyny başdan geçirmek üçin kinnigi (klitor) gyjyndyrmagyň zerurlygyny belleseler, 17%-jynshanany, 4%-bedeniň başga böleklerini, 45%-i bolsa bu ýerleriň dürli utgaşmada bolup biljekdigini aýtdylar.

Jynshanany gyjyndyrmakda döreýän seksual duýgy 1950-nji ýylda ginekolog Ernst Grefenbergiň açan nokady (G- nokat) bilen hem baglanşyklydyr. Bu nokat jynshananyň öňki diwarynyň ortasynda ýerleşip, ony gyjyndyrma güýçli seksual kanagatlanmany döredip biler.

Orgazm – fiziologiki ýagdaý däl-de, psihiki ýagdaýy düzýän faktorlara bagly duýgudyr.

Aýaly edil kompýuter kimin, bir nokadyna basyp "işledip" bolmaýar. Aýallara seksual keýp almany berýän gural hökmünde seretmek seksual düşünjeliligiň pesliginden habar berip, erkegiň özüni hem köp beden bilen bagly erotiki keýp almadan mahrum edýändir. Beýle düşünjeli erkekler üçin jynsy gatnaşyklar diňe ereksiýa we eýakulýasiýa ýagdaýlary bilen tamamlanýar.

Taýýarlaýjy, mähir-muhabbata ýugrulan duýguly hereketleri, sypalamalary, posalary äsgermezlik, aýal bilen içgin emosianal birleşigiň bolmazlygy, aýallarda dürli seksual bozulmalaryň(meselem, anorgazmiýa, jynsy sowuklyk, waginizm) döremegine getirip biler.

Keýpe getirýän duýgulary alyp bilmezlik (orgazm bolmazlygy) ýagdaýy käbir aýallary ony emeli suratlandyrmaga mejbur edýär.

Sorag edilen amerikan aýallarynyň 1664-den, 567 aýal bu ýagdaýy aram-aram emeli suratlandyrmaly bolýandyklaryny, 318-i bolsa hemişe şeýle edýändiklerini bellediler.

Ýöne hemişe ýalandan suratlandyryp ýaşap bolmaz-a?!

Aýal we erkek seksuallygynyň aýratynlyklary näçe tapawutly bolsa hem, olara gönümel we hemişelik görkezijiler ýaly garamak bolmaz.

Erkek adam hem aýal maşgalada öz tebigy başlangyjyny jynsy gatnaşyklar arkaly kämilleşdirýändirler. Seksuallyk  köptaraply we üýtgäp durýan gatnaşyklaryň bir ugry bolup durýandyr.

Esasy zat – biri-biriňi öwrenmegi we diňlemegi başarmakdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

• 59761 gezek okalan

Teswirler (31)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. DiSoBeY

Ayalyn bermek isleyanini niden bilip bolar onysyny gorman we nadip yrmaly?

ZERUR!

1. DiSoBeY

Ayalyn bermek isleyanini niden bilip bolar onysyny gorman we nadip yrmaly?

1. jeyhun

Lukmanjan jagap hokman..
Nahili edp jyns gatnaşygyndan son onuñ owezini dolup bolar.diyjek bolyanym ysgynsyzlygy nadip ayryp bolar hayyş lukman jogabyñyz hokman

1. jeyhun

Sagboluñ dostlar gowy maslahatt

1. hm

[quote name="Guldesse."]Cakmak dashyny surtup-surtup gyzdyrmasan ondan ucgun bilen ot alyp bolmaysy yaly ayalam gyzdyrmasan olam orgazm duyman gecer.[/quote]
Bolup gordunmai

1. Arsen

Salam hormatly lukman siz yokarda bellpsiniz ujydyn ululugy erkin yagdayda 9sm a menki doly oyanan wagtynda 9-10 sm
yagny bu bolsa adatkydan oran kici.Sizden sorajak maslahatym ujydy hirurigi emel bilen ya bolmasa basga usul bilen osdirmek...

Salam hormatly lukman siz yokarda bellpsiniz ujydyn ululugy erkin yagdayda 9sm a menki doly oyanan wagtynda 9-10 sm
yagny bu bolsa adatkydan oran kici.Sizden sorajak maslahatym ujydy hirurigi emel bilen ya bolmasa basga usul bilen osdirmek mumkinmika gayrat edip maslahat berayin.
Dasary yurt dowletlerinde ujydy osdiryan power Life atly krem bar reklama edislerine gora 5 sm cenli ujydy osdirmek mumkin diyya.
Bu barada siz mana maslahat berayin .Men elimden gelenni etjek.Yone muna garamazdan ujydymyn isleysi ahli tarapdan kadaly.

Dowamy

1. atashn

Ujudyny naili yol bn ulaldyp bolya eger mumkin bolsa aydayynda

1. Wepa

Hormatly lukman. men şu wagt 22 ýaşymda, ýöne mende entegem ýetgijeklik döwründen galan endik bar. olam erkek adamyň eýakulýasiýa döwrüni(döl dökme) emeli usulda(ruçnoý) etmek. men bu ýagdaýdaý hiç halas bolup bilemok. men özüm entek öýlenmedik....

Hormatly lukman. men şu wagt 22 ýaşymda, ýöne mende entegem ýetgijeklik döwründen galan endik bar. olam erkek adamyň eýakulýasiýa döwrüni(döl dökme) emeli usulda(ruçnoý) etmek. men bu ýagdaýdaý hiç halas bolup bilemok. men özüm entek öýlenmedik. käwagt pikir edýän bu ýagdaý mende yzygiderli gaýtalansa, öýlenenimden soňam aýalym bilen jynsy gatnaşykda bolanymda jynsy gatnaşygyň maňa hiç hili täsiri bomazmyka diýip. sebäbi men el bilen emeli ýagdaýa öwrenişip gitdimmmikäm diýýän. bu endigim mende 7-8-ýyldan bäri bar. siz maňa nähili maslahat berip bilersiňiz? men bu erbet endikden nädip halas bolup bilerin?

Dowamy

1. Ahmet

Homatly lukman meniñ gatnaşyk işlerim aýalym bile bolanda pese düşýarle

1. Timur

Sag bol hormatly lukman jogabyn un

Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location