Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (11 Ses)

INÇEKESEL HOWPLUDYR!

Inçekesel – kesellemek we ölümçilik bilen tamamlanmak görkezijileriniň ýokarylygyna görä dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Her ýyl bu kesele 9 milliondan gowrak adam duçar bolup, ol 3-4 million adamynyň ölüminiň sebäbi bolýandyr. Häzirki döwürde inçekesele garşy edilýän sanjymlar dünýäniň 64 döwletinde hökmany diýip yglan edilip, 118 döwletde  sanjymlary dowam etmek maslahat berilýär. Olaryň hökmany senenamalara salynmadyk ýurtlarynda hem, ýaramaz sosial-durmuş şertlerinde ýaşaýan, şeýle hem inçekesel bilen syrkawlamagy ýokary bolan döwletlerden gelenlere bu sanjymlar edilýär. Soňky 10 ýylda Russiýada we GDA ýurtlarynyň käbirinde  inçekesel bilen (şol sanda çaga inçekeseli bilen) syrkawlamagyň derejesi 2 esseden hem gowrak ýokarlandy. Bu keseliň gozgadyjysy, öň Kohuň taýajygy ady bilen belli bolan (ony açan nemes bakteriologynyň adyna görä) mikobakteriýa  zeperlenen beden agzalarynda özboluşly çişme prosesini döredýär – olarda kesele mahsus "güberçek" emele gelýär.  Keseliň häzirki  zaman ady  latyn sözünden gelip çykyp, güberçek diýmegi aňladýan tuberculum sözünden emele gelýär.

Dowamy

  • 9834 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (16 Ses)

Leýkoz (akganlylyk) – gany köpeldýän öýjüklerde döräp, süňk ýiligini zeperlendirýän çiş keselleriniň umumy ady. Keseliň sebäpleri we döreýiş şertleri belli bolman, onuň ösüşi howply çişi ýada salýar. Leýkozyň gelip çykyşynyň wirusly (ýokançly) häsiýeti bar diýen çaklamalar hem bar.  Ol süňk ýiligini, dalagy we limfatik düwünleri zeperlendirýär.

Leýkoz keselinde ganda diňe süňk ýiliginde we limfatik düwünlerinde köp mukdarda doly ýetişmedik leýkositleri (ak gan öýjükleri) görüp bolýar. Belli bir ýagdaýlarda gandaky leýkositleriň umumy mukdary köpelmän, diňe hil taýdan üýtgeşme bolup geçýär. Bular ýaly leýkozlar aleýkemiki diýip atlandyrýarlar. 

Leýkozyň ýiti we dowamly görnüşleri bar.

Dowamy

  • 12121 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (22 Ses)

Badam  şekilli  mäzleriň  ýiti (angina) we dowamly sowuklama keselleri babatda lukmançylyk kömegini  berme otorinolaringolog  lukmanynyň işiniň agramly bölegini tutýandyr. Güýz we gyş aýlary has ýygy duş gelýän badam şekilli mäzleriň sowuklamagy  özwagtynda bejerilmedik ýagdaýynda, çynlakaý gaýraüzülmelere we zähmete ukyplylygyň  peselme ýagdaýlaryna getirip biler.

Dowamy

  • 14049 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.39 (28 Ses)

Inçekesel örän howply, bejergisi kyn bolan ýokanç keseldir. Ol syrkawy üzak wagtyň dowamynda zähmede ukypsyz edýär, onuň ölümçilik bilen gutarýan wagty hem seýrek däl.

Köplenç inçekesel bilen adamyň dem alyş agzalary (öýken, bronhlar we plewra) zeperlenýär, ýöne beýleki agzalaryň  – içege, böwrek, peşew çykaryjy ýollaryň, süňkleriň, deriniň we limfatik düwünleriň zeperlenýän ýagdaýy hem  seýrek däl. Limfatik düwünleriniň inçekeseli köplenç çagalarda duş gelýär.

Dowamy

  • 8950 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.93 (15 Ses)

Sitomegalowirus (SMW) ýokançlygy – ýer ýüzünde giňden ýaýran ýokançlyk bolup, immunitetiň gowşamagy bilen baglanyşykly, köpdürli kliniki alamatlaryň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Uçuklar wirusy maşgalasynyň iň howply görnüşlerine degişlidir.

Häzirki zaman amaly lukmançylykda bu wirus ýokançlygy aýratyn ünse eýe bolup, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropa bölümi tarapyndan ol ýokanç keselleri bilen keselçiligiň geljegini kesgitleýän keseller toparyna degişli edildi.

Dowamy

  • 8282 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (34 Ses)

Bagryň sirrozy – dowamly kesel bolup, ol bagryň dokumasynyň düýpli üýtgemegi we birleşdiriji dokumanyň emele gelmegi, bagyr öýjükleriniň işiniň ýetmezçiligi, bagyrda gan, limfa, öt aýlanyşygynyň üýtgemegi, bagryň işiniň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bagryň sirrozy alkogol içgileriň uzak wagtyň dowamynda kabul edilmegi, soňabaka dowamly gepatite öwrülýän wirusly gepatite ýolukmaklyk, autoimmun häsiýetli bozulmalaryň döremegi, öt çykaryş ýollaryň uzak wagtyň dowamyndan dykylmagy hem-de öt durgunlylygynyň ýüze çykmagy, toksiki maddalaryň uzakmöhletleýin täsiri zerarly ýüze çykýp biler. Seýrek ýagdaýlarda bagryň sirrozy dowamly ýürek ýetmezçiligi, gemohromotoz we bagra täsir edýän mugthorlar (meselem, ehinokokkoz)  zerarly döräp biler.

Dowamy

  • 21422 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (28 Ses)

Insult (beýnä gan inme) beýnide gan aýlanyşyň güýçli bozulmasy bilen bagly bolan, örän agyr we howply keseldir. Insult ýüze çykandan soň ilkinji 3-8 sagadyň içinde gyssagly kömek bermeklik örän wajypdyr. Eger syrkawa 24 sagadyň dowamynda  degerli kömek berilmese, onda heläk bolma töwekgelçiligi ep-esli artýandyr.  Beýnide kislorodyň we ýokumly maddalaryň ýetmezçilik etmegi ondaky nerw öýjükleriniň we olaryň arasyndaky baglanyşygyň dargamagyna getirýär. Gan aýlanyş näçe çalt dikeldilse, gutulmaga bolan mümkünçilik şonça hem artýar. Ýöne şonda-da, bu keseli başdan geçirenleriň köpüsi uzak wagtyň dowamynda, käbir  ýagdaýlarda, birnäçe ýyllap, hereket etmekden mahrum bolup maýyplyga sezewar bolýarlar.

Dowamy

  • 12708 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.37 (38 Ses)

Gijilewük – ýokanç deri keseli bolup, onuň ýüze çykmagyna ownuk mugthorlar – gijilewük sakyrtgasy bolan Sarcoptes scabiei ýa-da il arasynda goturlyk sakyrtgasy  ady bilen belli bolan mugthor sebäp bolýar.  Bu kesel edepli-tertipli jemgyýetde orun tapmadyk, arassaçylyk şertlerine boýun bolmaýan adamlara mahsus diýip arkaýyn bolmak ýalňyşlykdyr. Ol jemgyýetiň ähli sosial gatlaklaryna degişli adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Keseliň döremegine urkaçy sakyrtgalar sebäp bolýar. Olaryň uzynlygy 0,3-0,4 mm ýetip, bir aýa golaý ýaşaýyş ukybyny saklaýar. Adamyň derisine düşen badyna olar  deriniň ýokarky gatynda (epidermisde) ýol ýasanyp, günde 2-3 ýumurtga taşlaýarlar. Olardan bolsa liçinkalar çykýp, olar 2-3 hepdeden ýetişen sakyrtga öwrülýär.

Dowamy

  • 20869 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (16 Ses)

Aýal jyns agzalarynyň inçekeseli inçekesel taýajygynyň täsiri bilen döräp, özbaşdak kesel däl-de, bedendäki inçekesel ýokançlygynyň ýüze çykmagydyr.

Jyns agzalaryna gan damarlarynyň usti bilen köplenç öýkenden, seýrek ýagdaýlarda içegeden ýokançlygyň düşmegi zeperlenmeleriň başyny başlap biler. Inçekesel mikobakteriýalary köp wagtlap limfatiki düwünlerde saklanyp, bedeniň kesellere durnuklylyk häsiýeti gowşan ýagdaýynda ýaýrama ukyply bolýandyr.

Dowamy

  • 11894 gezek okalan

KERLIK WE GULAGY AGYRLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.05 (20 Ses)

"Görüş ukybyny ýitirmek, adamy töweregindäki zatlardan daşlaşdyrýar.

Eşidiş ukybyny ýitirmek, adamlar bilen aragatnaşykda bolmakdan daşlaşdyrýar".

Emmanuil Kant

Adam daş töweregindäki bolup geçýän zatlar barada maglumaty bäş duýgy agzalarynyň: görüş, eşidiş, duýuş, tagam we ys alyş agzalarynyň kömegi bilen kabul edýär. Olar diňe bir töweregindäki bolup geçýän zatlar barada habar bermek bilen çäklenmän, durmuş tejribesini kämilleşdirmäge, güýçli duýgulary başdan geçirmäge ýardam edýär we adama howp salaýjak ýagdaýlardan ätiýaçlandyrýar. Eşidiş, tagam alyş duýgusy bilen birlikde, çaga ýaňy dünýä inen gününden başlap, doly kämilleşen ýagdaýda bolýar. Ol adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolmak bilen, jemgyýetde ýaşamaga, sözleşigi kabul edip, beýleki adamlar bilen pikir alyşmaga, jemgyýetçilik we zähmet şertlerini doly berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Adam sagdyn durmuşda ýaşap ýören wagty eşidiş ukybyny ýitirerin diýip pikir etmeýär. Ýöne gynansak-da, dürli sebäplere görä her bir ýaşda ynsanyň eşidiş ukybyna zeper ýetip biler.

Dowamy

  • 25821 gezek okalan