• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

jynsy terbiye 4Aýallaryň arasynda jynsy gatnaşykdan soň jynshananyň dürli suwuklyklar bilen ýuwulmagynyň, islenilmedik göwrelilikden alyp galjakdygy baradaky pikir ýaýran. Onuň üçin diňe bir ýönekeý arassa suw ulanylman, suwa aspirin gerdejigini, marganes turşusyny (margansowka), sabyn köpürjigini ýa-da ýörite spermisidleri (spermatozoidleri öldürýän himiki serişdeler) goşup hem jynshanany ýuwmaga çemeleşýärler.

Dowamy

  • 1297 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

jynsy terbiye 3Ýaşyna garamazdan, kontraseptiw serişdeleri jynsy gatnaşyklary başlanylan wagtdan ulanmak möhümdir. Lukmanlar gyzlara gormonal gerdejikleri aýbaşysy başlap, kadalaşandan soň (azyndan 3 aýbaşy geçmeli) kabul edip başlamagy maslahat berýärler. Ýöne gormon saklaýan gerdejikleriň jynsy gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklardan, şol sanda AIW ýokanjyndan goramaýandygyny bilmelidir.

Dowamy

  • 1061 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

jynsy ozgerisJynsy gatnaşygy başlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, islenilmedik göwrelilikden goranmak üçin ulanylýan (kontraseptiw) serişdeler barada bilmek saňa köp kynçylyklaryň öňüni almaga kömek berip biler. Durmuşda köplenç ýetginjek ýaşlar jynsy gatnaşyklaryň başlanmagy bilen islenilmedik göwreliligiň döremegi, saglyga zyýan ýetirjek abort (göwreliligi emeli aýyrmak) barada pikirlenmeýärler.

Häzirki wagtda kontraseptiw serişdeleriň dürli görnüşleri belli bolup, olaryň içinde ýetginjekler üçin zyýansyz görnüşleri hem maslahat berilýändir.

Dowamy

  • 1269 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

jynsy terbiye 4Näme üçin biziň jemgyýetimizde adam seksuallygy we jynsy gatnaşyklary barada ene dilimizde okamana kitap az? Adam seksuallygyna degişli maglumatlary nireden almaly, okamaly?

Dogrudan hem, döwürdeş ýaşlar, ýetginjekler jynsy gatnaşyklar we seksual saglygy barada okamana, tanyşmaga ene dilimizde kitaplaryň, gollanmalaryň ýokdugyny, tapdyrmaýandygyny belläp geçýärler.

Biziň jemgyýetimizde adat, milliligimiz, dini garaýyşlar jynsy gatnaşyklara we seksuallyga degişli soraglary ýapyk, ýaşlaryň terbiýesine zarba urujy, geplemesi gadagan soraglara degişli edýärler. "Adamlara, esasan hem ýaşlara bu soraglar barada gürrüň etsek, olar öwrenerler we azgynçylyk köpeler" diýen esasy düşünje ýöreýär.

Dowamy

  • 1647 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

jynsy terbiye 2Sen ýetginjek oglan bol, gyz bol, günleriň bir güni pikirlenmelerden soň halaýan adamyň bilen jynsy gatnaşygy başlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, iru-giç sen bu barada ene-ataň bilen gepleşmeli bolarsyň.

"Men olardan çekinýän we gorkýaryn. Ejem (kakam) meni hiç haçan bagyşlamaz" diýmegiň mümkindir. Eneň we ataň seni dünýä indirip, ulaldan we terbiýelän adamlardyr hem-de şolardan başga seni hiç kim şeýle ýakyn tanaýan we çyn ýürekden söýýän däldir. "Ýok, meni halaýan gyzym (ýigidim) söýýär" diýmegiňiz mümkin. Ýöne ol başga söýgidir.

Dowamy

  • 1978 gezek okalan

LUKMAN MENIŇ ENE-ATAMA AÝDARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

jynsy terbiye 6Men öz lukmanym bilen meni gyzyklandyrýan jynsy gatnaşyklara degişli soraglarym barada gepleşsem, ol meniň ene-atama aýdarmy?

Seni köpden bäri tanaýan lukmanyň (tapawudy ýok-ol maşgala lukmany bolsun ýa-da ginekolog, urolog) seni gyzyklandyrýan soraglaryňa hemişe jogap berip biler. Sen lukmana beden we seksual saglygyňa degişli islendik soragyňy berip bilersiň. Meselem, jyns agzalarynda döreýän agyrylar, aýbaşy bozulmalary, barlag geçirmek soraglary, gyzlyk perdesi barada, göwreliligiň öňüni alyş usullary we jynsy gatnaşyklar barada we başgalar.

Seniň ýaşyňa, milletiňe, dini uýmalaryňa garamazdan, lukman saňa degişli maglumatlary başga adamlara-ene-ataňa, garyndaşyňa, tanşyňa, goňşyňa habar bermeli däldir. "Lukmançylyk syry" diýen düşünjä her bir lukman öz hünärmenlik işinde dogry çemeleşýändir. Eger bardy-geldi, seniň özüň jynsy gatnaşyklary başlamagy, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriň görnüşini kabul etmegi ýüregiňe düwen bolsaň-da, lukman saňa dogry maslahatlar bermäge borçludyr we ene-ataňa aýtmakdan saklanmalydyr.

Dowamy

  • 1422 gezek okalan

ANAL JYNSY GATNAŞYGY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (18 Ses)

jynsy terbiye 5Anal jynsy gatnaşygy hem, edil oral jynsy gatnaşygy ýaly jynsy gatnaşyklaryň adaty däl görnüşine degişli edilýändir. Bu gatnaşyk ujyt artbujaga (anusa) salnyp geçirilýändir. Bu gatnaşyk kä jübütler üçin üýtgeşik bolup görünse hem, saglyk üçin howply taraplary barada habardar bolmaly. Göni içegäniň adaty bolmagyk ýokançlyklary erkek jyns agzalaryna düşüp, dürli sowuklama kesellerini döredip bilseler, gödek geçirlen jynsy gatnaşyk artbujagyň nemli gatlagyny şikeslendirip, proktit (göni içegäniň alawlama hadysasy) keselini döredip biler. Bu gatnaşyklar netijesinde hem jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň, şol sanda AIW-iň ýokuşma howpy saklanýandyr. Prezerwatiwi ulanmak goraglylygyň ýeke-täk usulydyr.

  • 2877 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (13 Ses)

durmus guryancan saklanSaglygyň synlary we okyjylar bilen pikir alyşmalary, Türkmenistanyň mekdeplerinde esasan nika çenli "jynsy gatnaşykdan saklanmak" barada gürrüň edilýändigini görkezýär. Emma okuwçylara göwreliligiň öňüni alyş usullary (kontrasepsiýa), jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller we sagdyn we jogapkärçilikli durmuş endikleri barada bilim berilmeýär ýa-da berilýän bilim ylmy taýdan nädogry bolup, döwrebap standartlaryna esaslananok. Türkmenistanda ýetginjek göwreliligi we ýetginjekleriň seksual we önellgelik (reproduksiýa) saglygy barada sanlar we maglumat ýok. Meselem, Gazagystan 15-19 ýaşdaly ýetginjek gyzlaryň irki göwrelilik sanlaryny welaýat boýunça çap edýar.

Dowamy

  • 2381 gezek okalan

ORAL JYNSY GATNAŞYGY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (17 Ses)

jynsy terbiye 4Oral jynsy gatnaşygy erkeklik ujydynyň agza alynyp gyjyndyrylmagy arkaly geçirilýändir. Şeýle gatnaşyk ýokançlyklaryň geçmegi bilen howpludyr. Eger agyzda bakteriýalary saklaýan çüýrük, kariýesli dişler bolsa, olar erkeklik peşew ýollarynyň sowuklama kesellerine getirip bilerler. Erkeklik jyns agzalaryndaky ýokançlyklar döl bilen agza düşende merezýeli, AIW, uçugy, wirusly gepatitleri, sitomegalowirusy ýokuşdyryp biler. Adamyň papilloma wirusynyň ýokuşmagy bolsa bokurgadyň rak keseline getirip bilýändir. Ýokuşma howpy agyz boşlugynda kiçijik ýarajyklar, sypjyryklar, jaýryklar bolanda has hem ýokarlanyp bilýär.

Oral jynsy gatnaşyklarda howpsuzlyk çäresini berjaý etmek üçin prezerwatiwleri ulanmak hökmanydyr.

  • 2628 gezek okalan

KUNNILINGUS NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

jynsy terbiye 3Kunnilingus düşünjesi – jynsy gatnaşyklarda aýalyň daşky jyns agzalaryny diliň, dodaklaryň, burnuň kömegi bilen gyjyndyrma hereketini aňladýandyr. Kunnilingusy jynsy gatnaşyklarynda ulanýan jübütler biri-birine arassaçylyk çäreleri babatda ynamly bolmalydyr. Çunki onuň üsti bilen uçuk wirusy, gepatitler, sitomegalowirusy, merezýel, sözenek keseli ýokuşyp bilýändir. Doly goraglylygy berjaý etmek üçin kunnilingus geçirlende ýörite prezerwatiwleri ulanmak ýa-da adaty prezerwatiwy ortasyndan kesip jyns agzalaryň üstüne goýup ulanma maslahat berilýändir.

  • 1871 gezek okalan