Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝAKLARYŇ GYZMAGYNYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.94 (16 Ses)

Hormatly okyjy!

Gündelik durmuşda oňaýsyz, dar aýakgaplaryň uzak wagt geýilmegi, uzak wagt aýak üstünde durulmagy, aýakgaplaryň, joraplaryň taýynlanan serişdelerine allergiki täsirliligiň döremegi aýakda gyzma duýgularynyň döremeginiň sebäpleri bolup bilerler.

Ondan başga-da, gijelerine, asuda ýagdaýda aýaklarda gan basyşy kadalaşyp, gyzma duýgusyny döredip biler, ýöne ol duýgy adam üçin oňaýsyzlygy döretmeýär.

Aýaklaryň gyzmagy aýaklaryň kömelekli ýokançlygynyň, warikoz keseliniň, tromboflebitiň, aýak gan damarlarynyň ateroskleroz keseliniň, neýropatiýanyň alamaty höküminde hem döräp bilýändir.

Aýaklaryň gyzmagyndan dynmak üçin aýaklary ýyly suw bilen sowuk suwda gezekleşdirip saklamak, ýörite satylýan gök palçygyň suw bilen garyndysyny, naşatyr spirti (50 ml.) bilen ösümlik ýagynyň (1 nahar çemçe) garyndysyny ýapgy görnüşinde ulanma, mentol saklaýan aýaklar üçin niýetlenen kremleri çalma peýdaly netijeleri berip biler.

Ýöne aýaklaryň gyzmagy dowamly häsiýetli bolup, başga alamatlar bilen utgaşýan bolsa, sebäbi anyklamak üçin lukmana ýüz tutmak netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3987 gezek okalan