"Salam lukman! Men 22 ýaşly oglan. Menin agramym 56 kg we ýaşyma garanymda daşymdan hor görünýän. Meniň semiz dälde, daşymdan daýaw bolasym gelýär. Işdäm gowy bolsa hem, iýenim bedenime siňmeýän ýaly. Men näme sebäpden agramymy alyp daýawlaşmaýarkam? Onuň üçin nähili iýmitlenmeli we haýsy witaminleri kabul etmeli?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Men 22 ýaşymda. Meniň dyzlarymyň üsti we bedenimiň käbir ýerleriniň derisi gara reňkde. Deriniň reňkini gowlandyrmagyň çäresi barmyka? Teniň bar ýerini bir renkli owadan etmek mümkinmi?
Saýtyň okyjysy.
Hormatly lukman! Meni meniň tirseklerimiň garamtyl reňki utandyrýar. Bu nämä sebäplerden bolýar? Haýsy serişdeler kömek edip biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Menin size şeýle soragym bar – eger sakgal ösdürlende bir ýeri ösüp, beýleki yeri, ýagny bokurdagyň üsti ösüp ýaňagyň ol diýen ýüzi ösmese name etmelikä? Sakgal hemme ýerde deň öser ýaly nähili çäreleri geçirmek peýdalyka?
Saýtyň okyjysy, Abraý.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Size ýetginjekler üçin peýdaly boljak maglumatlar barada, yagny ilkinji gezek sakgaly syrmagyň aýratynlyklary, onuň çalt ösmeginiň öňüni alýan we yüzün derisini gorap biljek düzgünler barada gürrün bermeginizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy, Maksat.
Ýetginjeklerde sakgalyň peýda bolmagy hem-de onuň gürlüginiň derejesiniň kesgitlenmegi, köplenç 14 ýaşdan soň ikilenç jyns alamatlarynyň döremegi (goltukasty çukurjykda, gasykda tüýleriň peýda bolmagy, sesiň ýognamagy, myşsalaryň ösmegi we ş.m.) bilen utgaşýandyr. Eger sakgal daşky görnüşiň gelşikligini bozýan bolsa, onda biraz ir syrylyp başlansa hem bolar.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Menin size ýüzlenmegimin esasy sebabi, menin endamymda gyllaryn mukdarynyň gaty köplüginiň meni biynjalyk etmegidir. Men şol gyllary aýryp bilerinmi? Eger bolyan bolsa maslahat bermeginizi haýyş edyärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly saýtyn lukmany! Menin ýüzümin kabir ýerlerinde gara hemem uly tegmiller bar. Men ýüzümdäki gara uly tegmilleri nahili aýryp bilerin?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Näme üçin köplenç erkek adamlaryň garny çykýarka? Garny kiçeltmek ucin fiziki masklardan basga nämeleri etmeli, nahili iymit önümlerini iýmeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Adama saç oturtmak zyýanly bolup bilermi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 18 ýaşymda. Meniň göwrelilik döwrümde otyrýerimden düwürtikler çykyp, olar häzire çenli hem aýrylanok. Olar gijeýär, gaşasam bolsa ulalýarlar. Men näme etsem bolarka?
Saýtyň okyjysy Ejebaý.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 19 ýaşymda. Men 1 aýyň dowamynda 7 kg horlanmaly. Meniň üçin berhiz ýazyp bermegiňizi haýyş edýärin. Boýum 1,63, agramym 65 kg Jogabyňyz üçin öňünden minnetdarlyk bildirýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka