
"Men 43 ýaşly erkek adam. Eýýäm 2 gezek ýüregiň infarktyny geçirdim. Lukman ýene bir gezek infarkt geçirmegimiň ömrüm üçin howply bolup biljekdigini duýdurdy. Beýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin näme etmeli?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam hormatly lukman! Men 23 ýaşymda. Meniň ýüregime geçirlen elektrokardiografiýa barlagynyň netijesi – "ýüregin dogabitdi kemçiligi, Alynýüregara germew defekty". Bu kesel howplumy? Şu kesel barada anyk maglumat we maslahat bermegiňizi haýyş edýärin".
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men bir gün gan tabşyrmaga bardym. Lukman meniň agramym bilen gyzyklananda, men agramymyň 54-55 kg. aýtdym. Lukman meniň agramymyň ýetmeýändigini aýdyp, gan tabşyrmaga rugsat bermedi. Gan tabşyrmak üçin beden agramynyň görkezijileri şeýle wajypmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Meniñ ýüregim çalt urýar. Barlagdan geçenimde ýüregimiň 130 gezege çenli çalt urýandygyny anykladylar. Men 2gezek özümden gidip hem ýykyldym. Şondan soñ hassahanada bejergi aldym. Ýöne häzir hem ýüregimiň çalt urýanyny duýýaryn. Onuň sebäbiniň anginadygyny anyklap, ony aýyrtmagy maslahat berdiler. Ýürek çalt urup dursa zyýanlymyka? Infarkt ya-da başga durli keseller döräp bilýarmika?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men 53 ýaşyndaky aýal maşgala. Aýaklarymyň damarlary agyrýar. Lukmanlar operasiýa etmegi maslahat berdiler. Ýöne men operasiýa etdirmekden gorkýaryn. Siz maňa nähili maslahat berip bilersiňiz?
Saýtyň okyjysy, Maýagözel.
Jogaby oka

Salam lukman! Ýürek bilen böwrek çişleriniň aratapawudyny düşündirip berseňiz Sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! "Miokardyň gipoksiýasy" düşünjesi barada has giňişleýin gürrüň berseňiz minnetdar bolardyk.
Saýtyň okyjysy, Şatlyk.
Ýürek myşsasynda döreýän kislorod ýetmezçiligi (miokardyň gipoksiýasy) dürli sebäplere görä ýüze çykyp, bu ahwalat myşsa öýjükleriniň ölmegine getirýän howply ýagdaýdyr. Şeýle ýagdaý ýüregiň işemiýa (gan aýlanşygynyň ýetmezçiligi), ýürek myşsasynyň infarkty, ýüregagyry (stenokardiýa), miokardit keselleriniň alamaty höküminde döräp bilýändir.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 23 ýaşymda. 3 çagam bar. Meniň ýüregim agyryp başlady. EKG barlagdan geçenimde "çep garynjygyň gipertrofiýa alamaty" diýen jogaby berdiler. Bu gorkulymyka? Siziň maslahatyňyz gerek.
Saýtyň okyjysy, Mahym.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň agam 2 gezek infarkt geçirdi. Şondan soň ol semränok. Ol nädip semräp bilerkä? Maslahat bermegiňizi haýyş edýärin. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Minnetdarlyk bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Adamyň ýüregi sag tarapynda doglup bilýärmi? Ol ýaşap bilýärmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka