"Salam lukman! Men 26 ýaşymda, gelnim 24 ýaşynda. Çagamyzyň doganyna 8 aý bolsa hem, biziň jynsy gatnaşygymyzda aýalym tarapdan öňki ýaly isleg ýok. Gatnaşykdan öňki ýaly lezzet almaýar. Onuň sebabi nämekä we muny düzedýän derman barmyka? Ýa-da wagtyň geçmegi bilen özi gowulanarmyka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Men toý edenimden soň, aýalymy goýup daş aralyga işlemäge gaýtmaly boldum? Aýalym bilen bile bolmaga islegim bolsa hem, mümkinçilik ýok. Şeýle ýagdaýda näme maslahat berip bilersiňiz?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam. Men Internetden jynsy gatnaşygy uzaldýan spreýler barada okadym. Ulanylanda olaryň zyýany barmy we olary nireden alyp bolar?"
Okyjy
Jogaby oka
"Salam Lukman. Türkmenistanda lubrikantlaryň (смазкa) giňden ýaýramandygy üçin jynsy gatnaşykda näme ulanylsa zyýansyz we ýerini tutyjy bolup biler? Mysal üçin, zeýtun ýagy ýa-da wazelin. Kömegiňiz üçin sag boluň! Işiňizde üstünlik!"
Saýtyň okyjysy.
*********
Jogaby oka
"Men 26 ýaşymda. Durmuşa çykanyma 6 aý boldy. Men şeýle kynçylyga duçar boldum: meniň adamymyň jyns agzasynyň ulydygy sebäpli bile bolanymyzda agyry döreýär we biz jynsy gatnaşygy geçirip bilmeýäris. Edilýän synanşyklar başa barmaýar we biz keýp alyp bilmeýäris. Siz näme maslahat berip bilersiňiz?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Takmynan 4-5 ýyl mundan öň habar beriş serişdelerinde, edebiýatlarda "transgender", "transseksual" sözleri köp eşdilip başlady. Olar kimler?
Doglan çaganyň jynsy ol ýa-da bu jynsa degişli alamatlar bilen kesgitlenýär we ol hromosomlaryň belli bir topary we gormonlaryň belli bir deňagramlylygy bilen dünýä inýär. Ýöne bu adamynyň gurluşyna we bedeniň kadaly işlemegine täsir edýändir. Adamynyň aňyna, ruhy dünýäsine, psihiki ösüşine bolsa jemgyýet köpçüligi we onuň medeniýeti uly täsirini ýetirýändir.
Jogaby oka
Hormatly lukman! "Lubrikant" atly serişdeler nähili ýagdaýlarda ulanylýar? Olar barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Hormatly lukman! Men adaty däl jynsy gatnaşyklaryň, ýagny anal we oral jynsy gatnaşyklaryň hem bardygy barada eşidýärin. Olary geçirme saglyk üçin zyýanly dälmi? Geň we utanç bolup görünýän ýaly bolsa hem, şeýle sorag berenime geň galman, jogap bermegiňizi haýyş edýärin".
Saýtyň okyjysy.
"Hormatly lukman! Anal jynsy gatnaşyklar zyýanlymyka? Meni aýalym bilen şu sorag gyzyklandyrýar".
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Meniň böwreklerim agyryp lukmana ýüz tutmaly boldum. Urolog lukmanynyň kabulynda: "Siz durmuşa çykanmy?" diýip soradylar. "Ýok" diýip jogap berenim üçin olar meni gyz hasapladylar. Ýöne ginekolog lukmanynyň barlagynyň netijelerini okanlaryndan soň, geň galma we ýigrenç bilen "Siz jynsy gatnaşyklary geçirýäňizmi?!" diýen soragy berdiler.
Hormatly lukman! Türkmen lukmanlarynyň hemmesi nikadan öň jynsy gatnaşygy geçirýän aýal maşgalalara ýigrenç we ynanmazçylyk bilen seredýärlermi? Eger men durmuşa çykmadyk, ýöne bu gatnaşyklary alyp barýan bolsam, meni bejermeýärlermi? Lukman: "Sen durmuşa çykdyňmy?" diýip ýerlikli soraýarmy? Ýa-da ol: "Jynsy gatnaşykda bolýaňyzmy" diýip soramalymy?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman. Men 36 ýaşymda. 4 sany çagam bar. Men ýoldaşym bilen bile bolanymda edil ýara degilýän ýaly agyry duýýaryn. Ýalňyşmasam, durmusa çykalym bari şeyle. 2-nji çagamdan son ýumurtgalygyň kistasy üçin operasiýa hem geçirdim. Ýöne men ondan öň hem, soň hem şol agyryny duýýaryn. Eger mumkin bolsa maslahat berseniz.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka