
"Lukmanlaryň aydyşyna görä, arkan ýatmak öýkeniňe zyýanly, ýüzün ýatmak içegeleriňe zyýanly. Çep gapdalyňa ýatmak ýüregiňe zyýanly. Sag gapdalyňa ýatmak bagryňa zyýanly. Haýsy ýagdaýda ýatmak dogry?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Hormatly lukman! Men 16 ÿaşymda. Boýum 182 sm. Men boýumy indi ösdüresim gelenok. Boýy ösdürmezligin ýoly barmyka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam hormatly lukman! Men 30 ýaşyndaky erkek adam. Onçakly bir agram görmese hem, meniň bil oňurgam, ellerimiň we aýaklarymyň bogunlary şyrkyldaýar. Göwnüme bolmasa, bu bu endik bolup barýan ýaly. Bognuň şyrkyldamagynyň sebäbi nämekä?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men ozal ýykylyp dyzymy agyrdypdym. Indi dyzymda agyry peyda boldy. Men özüm woleýbol bilen meşgullanýan. Türgenleşik wagty has gaty agyrýar. Ozüme bildirşine görä "dyzyma duz ýygnanýan" ýaly duýgusyny duýýan. Nädip dyzdaky duzy aýryp bolarka? Sizden gerekli maslahat bermegiňizi haýyş edýärin!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Aýaklaryň X-görnüşli deformasiýasyny operasiýanyň ya-da maşklaryň komegi bilen duzedip bolýarmy? Göwnüme bolmasa aýaklarym beterleşýän ýaly. Şu barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Meniň egnim çykýar we bu hadysa mende mydama gaýtalanyp dur. Men näme edemde bu ýagdaý aýrylar? Sizden maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Meniň doganymyň sag gasygynyň mäzi çişip dur. Şol bir bada sag aýagy hem çişýär. 2014-nji ýylda Aşgabatdaky Onkologiýa merkezinde dyzyny operasiýa etdirdi. Gijelerine agyryp hiç ýatyrmaýar. Nädip şondan gutulyp bolar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Men Klonery dermanynyň hiç hili zyýansyz boyuňy ösdürýändigini eşitdim. Eger mümkin bolsa bu barada ginişleýin maglumat berseňiz, size minnetdar bolardym".
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men ýanwar aýynyn 8-ne elin bilek süňki diýilýän ýerinde iki süňkimi hem döwdürdim. Soňra 2 sagatdan trawmotologiýa merkezine bardym. Elimi operasiýasyz bejerip bolmaýandygyny aýtdylar. 5 gün geçenden soň operasiýa etdiler. Elim soňra gowy boldy. Süňki berkidiji demir dakdylar. 15 günden soň hassahanadan elim 10 günlik gips bilen çykdym (hassahanada wagtym fiziobejergi hem aldym), sebäbi tikinim gowy bitmändi. Soňra 10 günde gowy bitdi. Şeylelikde, öýde nerw üçin bejergi aldym. Soňra elime 1,5 aýlyk gips dakdyrdym. Häzir elim agyranok. Ýöne başam barmagym içine tarap hereket edenok, daşyna hereket edýär. Hemem elim ýokary galanok. Näme maslahat berip bilersiňiz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Meniň ejem 50 ýaşynda. 1 ýyl gowrakdan bäri aýagy agyryp uzak ýöräp bilenok. Bir-azyrak ýörese ýa-da aýak üstünde dursa: "aýagym doňup agyrýar" diýýär. Geçen tomus barlatdyk, şonda lukmanlar bilinde gryža bar diýdiler. Şol hem aýaga barýan damarlary gysýar diýip aýtdylar. Şondan soň bejergi hem aldy, ýöne peýda bermedi. Entegem şol agyryny çekip ýör. Bize näme etmelidigini maslahat bermegiňizi haýyş edýäris.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka