"Salam Lukman! Meniň gyzym 5 ýaşynda, emma ýerine buşukýar. Birnäçe lukmanlara hem ýüz tutdum, emma bu ýagdaý häzir hem dowam edýär we gitdigiçe ýygylaşýar. Bu ýagdaý gündiz hem gaýtalanyp bilýär. Ene-ata tarapdan gyzymyň buşukmasyny nähili saklap bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Meniň oglum gije kiçi täredini saklap bilenok. Irden gije buşuganynyňy bilýämiň diýip soranymda, bilmeýändigini aýdýar. Bu nämeden bolup biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Sistit keseli çagada her 5-6 aýdan gaýtalanyp dursa, näme etmeli?
Saýtyň okyjysy!
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman!
Böwrekde daş nähili ýagdaýda döreýär we onuň öňüni nähili almaly?
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy!
DAŞLY PEŞEW KESELI: SEBÄPLERI WE ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI
Daşly peşew keseli (urolitiaz) – böwreklerde we peşew çykaryş ulgamyň başga agzalarynda daşyň döremegi bilen bagly keseldir.
Jogaby oka
Hormatly lukman! Peşewiň dermanlyk häsiýeti barmy? Ony melhem hökmünde ulanmak mümkinmi (mysal üçin ýarany bitirmekde çaga peşewini ulanmagy maslahat berýänler bar)?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukmanlar! Internetde türkmen dilinde şeýle saytyñ barlygy meni gaty begendirdi, guwandyrdy. Köp-köp sag boluñ, işiñiz ilerik!
Meni 59 ýaşyndaky ejem alada goýýar. Aslynda ol sagat ayaldy. Oba ýerinde ýaşaýanymyz üçin iş-alada ýetik bolýar. Ejem şu ýaşyna çenli her hili ýeñil bolmadyk işlerde işläp gördi: mal-gara seretmekmi, olara gyş üçin ot-iým taýynlamak, pagta ýygmak, tikin-çatyn, mellekde ýer depip, ekin-dikin ekmek, suw tutmak, ýüpek gurçuga seretmek... Garaz, gyş-ýaz, sowuk-yssy diýmän, erkek ornunda durup, erkek kişi üçinem yeñil bolmadyk islerde işläp geldi. Munuň daşyndanam 6 çagany ösdürip ýetişdirmek, iýdirmek, geýdirmek, adam etmek... Üstesine durmuşa çykaran gyzlarynyñ hem bagty bolmady. Olaryñ hem derdi-azary häzirem ýetip dur. Onsoñ men-ä jemläp aýtsam, ejemi şu agyr işler, ýeñil bolmadyk durmuş şertleri, ruhy taýdan çeken jebirleri (çagalary, adamsy we beýlekiler sebäpli) halys "çökerdimikä" diýýän. Sebäbi ejemiñ indi 7-8 ýyl bäri üýtgäp duran gan basyşy bar. Ýiti kellagyrysy hem azar berýär. Ýüregi hem agyrýar. Demgysma meñzes üsgülewügi hem bar. Seretdireli diysegem hiç göwnänok. Özem hiç boş oturasy gelenok. Haçan görseň bir zat edip ýör. Etme, otur diýseňem edenok. Lukmandan geçmänem kän bir halap baranok.
Dogrusy bu zatlara ejemem, bizem kaýyl bolup, şükür edip gezip ýördük welin, indi 1 ýyl bäri sag tarapky böwregi azar berýär, öñküleri ýaly gymyldap bilenok. Soñky döwürler hasam beterleşdi. Onsoñ 3 aý mundan öñ Asgabatdan telewizordan geçirdik. Olaram sag böwrekde kista bar diýdiler. Ululygy hem erigiñ sänigi ýaly. Onsoñ birtopar derman, sanjym bellediler. Olaryñ hem hemmesini aldyk. Ýöne haýyr berene meñzänok. Ýene-de sag böwrekde ýiti agyrylar dowam edýär. Näme etmeli? Kista näme? Ony operasiýa arkaly kesip aýryp bolmaýarmy? Ýa bütin sag böwrek zaýalandymyka? Bir böwregi aýyrmaly bolarmyka? Onsoñ bir böwrekli ýasap bolýarmyka? Ejeme diýseñ-ä indi lukmana gitjek däl diýýär, näme bolsa göräýjek diýýär. Meni bolsa alada basýar...
Maslahatyñyza mätäç!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Men 21 ýaşymda, jynsym erkek. Geçen hepde peşewimi barlamhana tabşyrdym. Barlagyň netijesinde peşewimde Kristal duzlar bar diýdiler. Eýsem kadada peşewde Kristal duzlar bolmalymy? Kristal duzlar haýsy kesellerde bolýar? Buşuganymda käwagt (köplenç irden) peşewim goýy çal reňkde bolýar. Böwreklerimde, jyns agzalarymda hiç hili agryry ýok.Bu nämäniň alamytyka? Sebäbini aýdyňlaşdyryp berseňiz, Size örän minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka