"Men 21 ýaşymda. Soňky wagtlar köp tisginýärin. Ol näme sebäpden bolup biler?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman. Size bir soragym bar. Paranoýa – bu näme zat? Ruhy keselmi ýada bir düşünjemi? Meniň öz pikirimçe, sussupeslik bilen baglanşykly ruhy kesellilik bolmaly. Bu barada doly bilmek üçin Google-dan köp gözleg etdim, ýöne anyk we ene dilimizde ýazylan maglumatlara duşmadym. Mümkin bolsa, giňişleýin düşündirmegiňizi haýyş edýärin".
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman! Men 34 ýaşly oglan. Meni meniň aýaklarymyň gyzmagy biynjalyk edýär. Esasan hem olar gündiz gyzman, gijelerine gyzýarlar. Bu name sebäpden bolup biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman. Men 20 ýaşymda, ýöne ýaşlygyma garamazdan ellerim titreýär. Bu ýagdaýyň yň sebäpleri we bejergisi barada aýdaýsaňyz, sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman! Mende demgysma bar. Juda aljyradanogam. Şuňa garşy salbutamol diýen dermany ulanýp, birini on günde harçlaýan. Şu dermany köp ulanmak zyýanlymy we nämä zyýany barka? Ýene size bir soragym bar. Bir aýdan bäri aýalym çep eliniň gurşýandygyna arz edýär. Lukmana ýüz tutdyk. Ol "nerw süýümleriniň zeperlenmeginden ýa-da gan azlylykdan hem bolup biler" diýip düşündirýär. Bu dogrudan hem şeýlemikä?
Saýtyň okyjysy, Kasym.
Jogaby oka
Salam lukman! Gözümiň çekmesi meni biynjalyk edýär. Ýokarky gabagymda az gymyldy peyda bolýar. Elmydama bolup hem duranok. Ünsümi jemlemäne çalşamda bu ýagdaý yüze çykýar. Bu ýagdaýyn sebäbi we bejergisi hakynda maslahat bermegiñizi soraýaryn. Köp sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam saýtyň hormatly lukmanlary! Men 17 ýaşymda. 5-6 aýdan bäri aýaklarymyň damary güýçli çekýär. Munuň sebäbiniň nämedigini aýdyp berseňiz, Sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy, Kakajan.
Jogaby oka
Salam lukman! Men 17 yaşymda. Kawagtlar men öz-özumden, hiç hili sebapsiz aglayaryn. Kate gynançly kino gorenimden son agym uzakly gun (gije) dowam edyar. Munun nadip önüni almaly? Gerekli dermanlary yazyp berseniz has-da hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Hormatly lukman! Men 19 ýaşymda. Meniň ýatkeşligim pes. Ony ýokarlandyrmak üçin nämeleri edip bolarka? Meniň tiz daýawlaşasym hem gelýär. Bu maksat üçin men protein içsem bolarmyka? Şu soraglaryma jogap berseňiz Sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy, Serdar.
Jogaby oka
Hormatly lukman! Men 20 ýaşymda. Men kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlygyndan kösenýärin. Her 6 aýdan bejergi alýaryn. Özümiň sport bilen meşgullanasym gelýär, ýöne kämahal ylgamda kelläm agyryp başlaýar. Maňa sport bilen meşgullanmak bolýarmy? Eger bolýan bolsa, haýsy görnüşlerini maslahat berersiňiz.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka