
Salam lukman! Men elimde çiş döränligi sebäpli, kesdirmek üçin onkolog lukmanynyň barlagyndan geçmeli boldum. Onuň üçin USB-dan geçdim we şol çiş yerden suwuklyk aldyrdym. Ahyrynda bolsa gan tabşyrdym. Barlag ganyñ düzüminde sarygetirmäniň bardygyny kesgitledi. Meni ýokanç keseller lukmanynyň maslahaty we operasiýanyň geçirilmegine rugsady almak üçin ýokanç keseller keselhanasyna iberdiler. Barlaglar ganymda 4 müň töweregi mukdarda wirusyň bardygyny görkezdi. "Yapyk sary bar" diýdiler. Men erbet howsala düşdüm. Ol kesel aslynda ölüm howplumyş. Meñ 24 ýaşymda. Keseliñ alamatlary heniz mende yüze çykmady. Sizden maslahat soraýan. Yapyk sary keseli howplumy we ondan gutulmagyñ alajy bolarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Iñ ýokanç kesel haýsy keselkä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam Lukman! Jynsym oglan, özüm hem öýlenmedik. Men çaga wagtymda (4-8 yaş aralygynda) 1-2 gezek hapgyrtma keselini geçirdim. Adamlaryñ aýdyşlaryna görä, hapgyrtma çykaran adam önelgesiz galýar, ýagny çagasy bolmaýar. Indi men näçe ýyl bäri şu barada pikirlenip gelýärin. Dogrudan hem hapgyrtma geçiren adam önelgesiz galýarmy hem-de bu kesel adamda nämeden döreýär?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Menin dostumda AIW wirusy bar. Bejergi alanyna 5-6 ay töweregi boldy. Käte-käte spirtli içgi içse wirus güýjäp bilermi? Eger bolyan bolsa, her bejergiden soňra naçe wagtdan içse bolyar? Ýenede bellemeli zat, ýüzünden düwürtik cykyp yzy galyar, saçy düşyar. Bular hem AIW wirusyndan bolup bilermi? Şular barada giňişleyin düşündirmeginizi sizden haýyş edýäris.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 21 ýaşymda. Ýygy-ýygydan dodagymdan uçuk çykýar. Uçuk öň dodagymdan çykýan bolsa, indi ol onuň töweregine hem ýaýraýar. Uçuk çykanda boýnumyň aşagyndaky mäzler hem ulalýar. Indi birnäçe ýyldan bäri olaryň döremesi ýygylaşyp, olar gurandan soň, dodagymyň derisi soýlup dur. Men uçuklaryň yzyny aýyrmak üçin nämeler etsem gowy bolarka? Mende uçuklaryň çykmagy içimiň gyzmasyndanmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men häzir 17 ýaşymda. Meniň içimde soguljanyň (gurçugyň) bardygy sebäpli, näçe iýsem hem semräp bilemok. Bu keselden gutulyp bolarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň söýgüli gyzymda AIW wirusy bar. Nesip bolsa, basym bagt toýuny tutmaly. Eger ol toýdan öň keseliň bejergisini alsa, bu kesel maňa hem geçip bilermi? Geljekde dogjak çaga keseliň zyýany barmy? Kesel maňa ýokuşan ýagdaýynda hem bejergi alyp dursam, saglyk üçin zyýany uly bolarmyka? Şu soraglara giňişleýin jogap bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Aýakdaky gribok nädip döreýär? Ony nädip bejermeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman!
Oba ýerinde dostlarymyñ biri çopançylyk bilen mesgullanyp goýun bakýar. Ol brusellýozym bar diýýär. Arasynda bejergi hem alýar öýdýän. Eýsem bu nähili kesel? Ýokançlymyka? Bejergisi, öñüni alys, goranyş çäreleri nähili? Şular barada giñişleýin düşündiriş berseñiz, esasan hem oba adamlary üçin peýdaly bolardy.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly Lukman! Näme üçin içege amýobasynyň (entamaeba Coli) zyýanly täsiri bolmasa-da, ol parazitologiýada mugthor hökmünde tanalýar? Gaýrat edip, şu soraga jogap berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka