Salam hormatly lukman! Men 19 ýaşyndaky oglan. Men akyl diş zerarly ejir çekýän. Ilkinji akyl diş çykanda kän bir agyry duýulmady. 2-nji akyl diş maña ejir baryny çekdirýär. Diş etlerim çişip, ýüzümiñ bir tarapy semrän ýaly, gije gözüme uky gelenok. Ýarysy çykdy, ýene ösmegini dowam edýär.. Agyrsyna çydar ýaly däl. Siz maña näme etmelidigni maslahat beriñ. Diş etimi kesdirmelimi ýa-da başga çäreleri barmy? Ýene bir sorag, akyl dişi çykýan mahaly ýada çykyp bolansoñ sogurtmagyň zyýany barmy?
Saýtyň okyjysy Baky.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman! Men 15 yaşymda. Kiçi wagtym ýykylyp maňlaý dişlerimin yokarkysyndan ikisini dowdürdim we sogurtdym. Menin özüm boksa gatnaýan. Eger men sol sogurdan maňlay dişlerimi saldyryp boksa gatnasam, onda ol dişler gaçarmy yada gaçmaz? Şu hakda maslahat bermegiňizi sizden haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam saýtyň lukmanlary we administrator! Lukman meniň size berjek sowalym keramikadan ýasalan, emeli dişler barada. Meniň 3 sany alyn dişlerimiñ çüýrän ýerleri bar. Indi şolary sogurdyp, ýerine keramiki dişleri goýdursam, hakyky dişiň ýerini tutyp bilermi? Gatyrak zatlary meselem, alma, käşir ýaly önümleri kynçylyksyz iýip bolarmy? Gysgajyk bolsa-da, maslahat beräýseñiz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, saytyň Lukmany! Men dişlermi günde 2 wagtyna ýuwýan. Her hili gymmat, gowy pastalary ulanyp gördüm. Agardyjy diýip maslahat berlen diş pastalaryny hem alyp gördüm, ýöne hiçisem peýda berenok. Dişlermi agardasym gelýär, sarysy aýrylanok. Diş lukmanyna yüz tutmakdan başga agardyş çäresi yokmuka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, lukman! Men 20 yaşymda. Diş çüýremesinden ejir çekýän, agzyma süňk ýa çigit alamok, agzymda 3 ýasama diş bar. Dişlerim näme sebäden beýlekä? Maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Bossan.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Menin ýüzümiň bir tarapy çişip dur, dişlerimiň üstündäki eti agyrýar, agzymdan ýakymsyz ys gelýär. Diş etiniň gowulaşmagy üçin nämeler etseň gowy bolar? Kyn görmän, şu soraglaryma jogap berseňiz, Sizden hoşal bolardym.
Nazar.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Menin dodagym gurap soýulýar. Dodagym ýarylyp, bitenok. Muny nädip bejermeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam Lukman! Men 25 yaşymda, men uzak wagt (4-9 sagat) ukymy alyp turanymdan soň, agyz boşlugyma suw ýygnanyar, agzymyn içini dilim bilen arassalap tüýkürýän welin, tüýkülügimde ganjymyk suwa görünýär. Kä günler irden ukudan turanymda sarymtyl reňkli tüýkülik bolýar. Meniň aşgazan agyrym yok, diş agyrym yok, yöne dişlerimden yekejesi 5 ýyl mundan ozal demre gaplanypdy. Men käbir deň-duşumdan bu ýagdaý babatda gyzyklanyp soradym. Olaryň käbirinde çilim çekip ýatan gijelerinde agyzlarynda şeyle suw döreýän eken. Yöne meniň agzymda bu suwuklyk günde döreýär, munuň sebäbi nämekä? Jogabynyza sabyrlylyk bilen garasyarys!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka