"Salam! Azoospermiýa näme we ony bejermegiň ýollary barmy?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam. Men ozümde duýýan rahatsyzlygymy siz bilen paýlaşmak isleýän. Yagny, men maşgalaly, çaga-çugaly bolsam-da, başga ayal-gyzlar bilen ýakyn gatnaşygymy kesip bilemok. Şu ýagdaýym sebäpli men oz geljegimi garaňkylyk içinde görýärin. Haçan hem bolsa bir gun maşgalam bilen aramyzyň bozulmagyndan gorkýaryn we çagalarymyň geljegini öz ellerim bilen ýykyp biljekdigime düşünýärin.
Men bu endikden her zat edip gutuljak boldum, yöne 1 aýdan köp saklanyp bilemok. Jynsy islegimiň artykmaçlygyndanmy ya-da nebsimiñ doymaz-dolmazlygyndanmy, haysy sebäpkär bolsa-da tapawudy yok, men şu endikden gutulmak isleýärin we sizden maslahat soraýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Hormatly lukman! Meniň üçin şu soraga jogap tapmak wajyp bolup durýar. Meniň ujydymyň gönelen wagty uzynlygy 10 sm. Bu kada laýykmy?"
Saýtyň okyjysy.
"Salam lukmanlar! Meniň eşidişime görä, erkek ujydynyň ortaça kadaly uzynlygy 11-14 sm. bolmaly. Lukmançylykda haýsy uzynlyk kada hasaplanýar?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Men Internetden jynsy gatnaşyga mümkinçilik döredýän wiagra dermany barada maglumat aldym we dermanhanada ol barada soranymda maňa sinegra dermanyny hödürlediler. Bu derman barada doly maglumat tapmadym. Onuň täsiri barada maglumat berseňiz sizden höşal bolardym".
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Men 29 ýaşymda. Özüm öýlenen. Hormatly lukman, jynsy gatnaşyk wagtynda dölde ganyň görünmegi meni alada goýýar. Bu ýagdaý 4 aý bäri dowam edýär.
Ganyň görünmegi näme sebäpden bolup biler? Bu howplumy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Hormatly lukman! Men yaňy 17 ýaşymda. Meniň ýüzume eýýämden tüý çykyp başlady. Bu tüýler näme üçin ir çykýarka? Belki men nädogry iýmitlenýändirin ýa-da nädogry hereketler edýändirin? Tüýleri şu wagtdan syryp başlasam bolarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Hormatly lukman! Meniň jynsym erkek. Men 14 ýaşymda wagtym göwsüm ulalyp başlady. Häzir men 19 ýaşymda, yöne heniz hem göwnüme ol ösýän ýaly. Meniň göwsüm näme sebäpden şeýle ösýärkä? Şol sebäpden menden çaga bolmanam bilermi? Ol howplymy? Şular hakda giňişleyin maglumat bermegiňizi haýyş edýärin!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam saýtyň hormatly lukmanlary. Men siziň ýazýan ähli makalalaryňyzy gyzyklanma bilen okaýaryn. Hormatly lukman, meniň size soragym bar. Men 24 ýaşymda, 5-6 ýyl bäri masturbasiýa bilen meşgullanyp geldim. Täzelikde bolsa öýlendim. Öýlenenime 3 aý boldy. Gelnimde çaga galanok welin bu masturbasiýa bilen köp meşgullanmagymyň netijesimikä?! Masturbasiýa bilen köp meşgullanmak dölüň hilini peseldip bilermi? Mümkin bolsa şu soraglaryma jogap bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman! Men 20 ýaşyndaky erkek adam. Ýaňy-ýakynda jynsy gatnaşykda bolan wagtym döle derek gan geldi. Ozal şeýle ýagdaý buşugamda ýüze çykypdy. Men hiç hili agyry duýmadym we häzir hem duýamok. 10-12 ýyl mundan oñ bowregimde daş bardy. Şohle bilen 2ýyl yzygiderli döwdürdim, yöne daşyn kiçijik bölegi döwulmän galypdy. Geçen ýyl barlagdan gecenimde, böwregimdäki daşyn azajyk böleginiň öňküligine duranyny anykladym. Agyry bolmasa üns bermegiň gereginiň ýoklugyny lukman aýtdy. Ýöne name üçin jyns agzamdan gan geldikä? Näme etmeli bolarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman. 16 ýaşly oglanyn göwüs mäzleriniň uçlary nämeden çişip biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka