Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TISGINMÄNIŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.15 (26 Ses)

Hormatly okyjy!

Hereket wagty ýa-da asudalykda myşsalaryň erksiz, tertipsiz ýygrylmagy netijesinde tisginme döreýändir. Oňa lukmançylykda "miokloniýa" diýilýär. Gorkma netijesinde, ukuda döreýän tisginme başga çynlakaý sebäpler bolmasa kada hasaplanýar. Köplenç myşsalaryň ýygrylmagy daşdan täsir edýän bir gyjyndyrma berilýän jogap höküminde ýüze çykýar, meselem, ýagtylyk, gaty ses, duýdansyz elleme. Myşsalaryň dowamsyz ýygrylmagy howsalaly ýagdaýlarda, hynçgyrmada, aşa fiziki agramlylykda hem döräp bilýändir.

Eger tisginme hiç hili sebäpsiz, ýygy ýüze çykýan bolsa, onda onuň sebäbini gözleme wajyp bolup durýandyr. Dürli-dürli myşsa toparlaryň dürli ýygylykda ýygrylmagy beýniniň zeperlenmelerinde (täze döremeler, ensefalit, amiloidoz, leýkodistrofiýa, gematohromatoz), beýni gan aýlanşygynyň bozulmalarynda, beýniniň şikeslenmelerinde, ganda glýukozanyň, natriý mineralynyň peselmeginde, derman serişdeleri bilen zäherlenme bolanda, ýokary temperaturanyň täsiri bilen ýüze çykyp bilýändir.

Sizde döreýän tisginmäniň sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutup, degişli barlaglary geçmek peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6379 gezek okalan