Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GIDROSEFALIÝA KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (6 Ses)

Gidrosefaliýa (grek. dil "hydor" – suwa degişli, "kephale" – kelle) – kelle çanagynda oňurga-beýni suwuklygynyň kadadan artyk ýygnanmagy bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Adatça beýni we oňurga ýiligi dürli tarapdan oňurga-beýni suwuklygy (likwor) bilen ýuwlup durýar. Dürli fiziologiki işi ýerine ýetirýän bu reňksiz we dury suwuklyk beýnini iýmitlendirme we gorama işini hem ýerine ýetirýändir. Beýniň daşynda suwuklyk ýumşak we damar bardasynyň arasy bilen geçip, beýniniň ýarym şarlaryny we beýnijigi hem ýuwýandyr. Bu suratlandyrylan ýer subarahnoidal (kerep bardasynyň aşagyndaky) giňişlik diýip atlandyrylýandyr. Kelle çanagynyň düýbünde, beýniniň aşagynda, "sisternalar" (çelek) diýip atlandyrylýan suwuklygyň ýygnanýan ýerleri ýerleşýändir.

Sisternalar dürli tarapdan biri-biri bilen baglanşyp, olardan likwor kelle beýniniň subarahnoidal giňişligine, soňundan oňurga ýiliginiň  subarahnoidal giňişligine geçip, oňurga ýiligini boýun böleginden  bil bölegine çenli ýuwup durýandyr.

Beýniň içinde likwor beýniniň garynjyklarynda ýerleşýär. Beýniniň garynjyklary birnäçedir: gapdal ýerleşýän iki sanysy uly ýarym şarlaryň jümmüşinde  ýerleşse, III garynjyk ortada ýerleşýändir. Ondan aşak suwuklyk beýniniň sütüninde ýerleşýän "silwiýew suw akary" arkaly, sütüniň we beýnijigiň arasynda ýerleşýän IV garynjyga düşýändir. IV garynjyk gapdal deşikleri arkaly "sisternalar" bilen gatnaşyk saklap, şol ýerden likwor oňurga kanalyna geçip gidýändir.

Oňurga-beýni suwuklygy garynjyklarda ýerleşýän gan damar birikmelerindäki ganyň suwuk böleginiň diffuziýasy netijesinde emele gelýändir. Suwuklygyň yzyna sorulmagy bolsa beýniniň damar bardasynda amala aşyrylyp, wena damarlaryň üsti bilen gan aýlanyş ulgamyna düşýändir we  kelle çanagynyň daşyna çykarylýandyr. Adamda 150 ml golaý oňurga-beýni suwuklygy saklanyp, günüň dowamynda bu mukdar 3 gezek täzelenýändir.

Kadada likworiň emele gelmesi we yzyna sorulmagy deň agramlylyk ýagdaýynda saklanyp, her wagtda hem onuň kadaly mukdarynyň derejesi üpjün edilýändir.

Suwuklygyň kadadan köp toplanmagy iki ýagdaýda ýüze çykyp biler: onuň dogry hereketiniň bozulmagy netijesinde hem-de emele gelme we yzyna sorulma ýagdaýlarynda näsazlyk döräp, suwuklygyň kadaly mukdarynyň emele gelýänligine garamazdan, onuň az mukdary yzyna sorulan yagdaýlarynda.

Gidrosefaliýanyň ýüze çykmasynda bu iki mehanizm esasy orny eýeleýändir.

Kliniki nukdaýnazardan gidrosefaliýa aşakdaky görnüşlerde ýüze çykyp bilýändir:

1. Okklýuzion (latynçadan – "dykylma") gidrosefaliýa – kelläniň şikeslenmegi, neýrohirurgiki operasiýalardan soňky ýagdaýlar, kellä gan inme we beýni bardalarynyň sowuklamasyndan soň ýüze çykýan gan ýygnanmalar, tyglar we sepleşme ýagdaýlary ýa-da täze döremeler gidrosefaliýanyň bu görnüşini ýüze çykaryp biler.

Bu şikeslenmeler suwuklygyň beýnide akyp geçýän ýollarynda dürli üýtgemeleri döredip, olarda dykylma, basylma, ýapylma ýagdaýlarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Netijede, suwuklygyň hereketi bozulyp, zeperlenmeden ýokarda onuň ýygnanmagyna getirip biler. Suwuklygyň ýygnanmagynyň bolsa ýuwaş-ýuwaşdan kelle çanagynyň içindäki basyşyň ýokarlanmagyna getirjekdigi ikuçsuzdyr. Basyşyň ýokarlanmagy howatyrly ýagdaý bolup,  ol beýniniň ýaşaýyş üçin wajyp böleklerini (dem alyş, gan aýlanyş merkezleri) zeperlendirip biler.

Ondan başga-da, basyşyň ýokarlanmagy beýniniň gan aýlanşygyny bozup, dürli newrologiki bozulmalaryň sebäbi bolup bilýändir.

Kelle çanakda basyşyň ýokarlanmagy görüş ukybynyň bozulmagy ýaly ýaramaz ýagdaýlara getirip biler. Beýniniň we gözüň gan aýlanyş ulgamy gös-göni baglanşykda bolup, basyş göz düýbündäki wenalardan ganyň hereketini kynlaşdyrýandyr.

Bu bolsa görüş nerwiniň üýtgemegine, gözüň torly bardasyna gan ýygnanmalara getirip, wagtyň geçmegi bilen görüşiň peselmegine, soňundan körlüge getirip biler.

Okklýuzion gidrosefaliýanyň esasy ýüze çykma alamaty – özboluşly döreýän kelle agyrlardyr.

Kelle agyry adatça irden başlap, ýürek bulanma we gaýtarma bilen utgaşyp bilýändir. Keseliň beterleşmegi bilen, az wagtlyk dem almanyň we ýürek urmanyň bozulmagy bilen huşuň ýitirilmegi hem ýüze çykyp biler.

2. Rezorbsiýanyň (sorulmanyň) bozulmagy bilen ýüze çykýan gidrosefaliýa – emele gelýän we yzyna sorulýan likworyň gatnaşygynyň bozulmagy, onuň aşa ýygnanmagynyň sebäbi bolup biler. Bu görnüş kelle çanakda basyşyň ýokarlanmagy bilen (alamatlary okklýuzion gidrosefaliýa meňzeş) hem, kadaly basyş bilen hem ýüze çykyp biler. Kadaly basyş bilen utgaşýan bu görnüş ýokary beýni işjeňliginiň bozulmalary bilen suratlandyrylýandyr.

Amerikan  neýrohirurgi Hakim bu görnüşi şeýle alamatlar bilen häsiýetlendirdi:

  • ruhy bozulmalar (giňişlikde ugur almanyň bozulmagy, gepleýşiň bozulmagy, ýadyň peselmegi);
  • çanaklyk agzalaryň işiniň bozulmagy (peşewi saklap bilmezlik);
  • hereketiň bozulmagy (beden böleklerine erk edip bilmezlik, ýöreýşiň bozulmagy).

3. "Ex vacno gidrosefaliýasy" – bu görnüşde oňurga-beýni suwuklygynyň mukdarynyň köpelmegi, onuň hereketine we alyş-çalyş ýagdaýyna bagly bolman, eýsem beýniniň göwrüminiň kiçelmegine bagly bolýandyr. Bu ýagdaýda suwuklyk kiçelýän beýniniň ýerini tutýandyr. Şeýle bozulmalar garrylyk döwründe, Alsgeýmeriň keseli, dowamly alkogolizm, uzaga çekýän zäherlenmelerde duş gelip, kliniki alamatlaryň ýüze çykmagy adatça beýni maddasynyň ýitirilmegine bagly bolýandyr.

Ýüze çykyş wagtyna baglylykda dogabitdi we soňra dörän (dürli keselleriň esasynda) gidrosefaliýany aýyl-saýyl edýärler.

Dogabitdi gidrosefaliýa – çaganyň enäniň içinde ösýän döwründe we dogrum wagtynda täsir eden sebäpler netijesinde döreýän suwuklygyň ýygnanmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Ol sebäplere çaganyň beýni bölümleriniň ösmegine täsir edýän ýa-da beýni bardasynyň sowuklamasyna getirýän enäniň toksoplazmoz ýa-da başga ýokançlyklary, dogrumda gan ýygnanma ýagdaýlaryna getirýän kelle çanaklygynyň şikeslenmeleri degişli edilip bilner.

Kelle çanagynyň ulalmagy we görnüşiniň üýtgemegi dogabitdi gidrosefaliýany häsiýetlendirýän esasy alamatdyr. Suwuklygyň basyşynyň ýokarlanmagy bilen bu üýtgemeleriň derejesi artyp, kelle çanagynyň süňkleriniň ýukalmagy, kelle süňkleri bitişdirýän sepgitleriň giňelmegi ýaly alamatlar hem döräp biler.

Ýüzüň ululygynyň üýtgemeýänligi sebäpli, ulalan kelle çanagynyň ýanynda ol üçburç görnüşli, kiçijik, solgun we wagtyndan öň garran ýaly görünýär.

Kellede basyşyň ýokarlanmagy, beýnini we beýni nerwleri üýtgedip, dürli newrologiki bozulmalaryň sebäbi bolýandyr. Beýni nerwleriň zeperlenmegi ilki bilen görüşiň bozulmalaryna, soňundan körlüge getirip bilýändir. Näsag çagalar kellelerini gowşak tutup, olarda oturma we ýöreme giç bolup geçýär. El-aýaklarynyň ysmazlygy dürli derejede ýüze çykyp biler. Şunuň ýaly çagalarda akyl taýdan ösme dürli derejede bolup geçip, käwagtlar kemakyllygyň döremegi hem mümkindir.

Çagalarda geçýän okklýuzion gidrosefaliýa güýçli kelle agyrylar, gaýtarmalar, ýüregiň urgusynyň haýallamagy, tutgaýlar bilen agyrlaşyp, soňundan ölüm ýagdaýyna hem getirip biler.

Dogabitdi gidrosefaliýa öz islendik geçiş tapgyrynda, haýallap, öz-özünden saklanmagy hem mümkindir. Agyr gaýraüzülmeler bilen geçýän gidrosefaliýa bolsa ömrüniň birinji aýlarynda we ýyllarynda çagalary ölüm ýagdaýyna getirip biler.

Dogabitdi gidrosefaliýaly çagalara operatiw bejergi üçin görkezmeler bellenende esasan şu soraglary çözmek wajypdyr:

Çaganyň kelle çanagynyň ulalmagy dowam edýärmi?

Gidrosefaliýanyň haýsy görnüşi döredikä?

Okklýuzion gidrosefaliýa hemişe operatiw bejergi üçin görkezme bolup durýandyr.

Operatiw bejergini beýnide düýpli bozulmalar ýüze çykmanka, çaganyň 6 aýlyk ýa-da 1 ýaşan döwründe geçirmek ýerliklidir. Dogrumda ýüze çykýan şikeslenmeden soň, "silwiýew suw akarynyň" ýapylmagy bolsa, çaganyň ömrüniň birinji günlerinde geçirilmeli hirurgiki bejergi üçin görkezme bolup durýandyr.

Beýni dokumasynyň üýtgemegi, ýüze çykan ruhy bozulmalar, körlük operatiw bejergä garşy görkezmeler bolup biler.

Beýniniň islendik şikeslenmelerinde bolşy ýaly, gidrosefaliýany anyklamakda hem kompýuter we magnit-rezonans tomografiýasynyň orny uludyr.

Bu barlaglar kelle çanagynyň boşluklarynyň, garynjyklaryň ýagdaýyny, olaryň ululygyny, görnüşiniň üýtgemegini, beýni maddasyndaky suwuň mukdaryny kesgitlemäge ýardam berýändir. Diňe şu barlaglaryň esasynda gidrosefaliýanyň görnüşini kesgitläp, bejergi usulyny bellemäge mümkinçilik döreýändir.

Gidrosefaliýada bejergi usuly oňa getirýän sebäplere görä saýlanylýandyr.

Eger gidrosefaliýa täze döremeler netijesinde ýüze çykan bolsa, operatiw bejergi dörän çişi aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Derman serişdeleri bilen bejerginiň wagtlaýyn kömek edýänligi sebäpli, okklýuzion we likworyň sorulmagynyň bozulmagynyň basyşyň ýokarlanmagy bilen geçýän görnüşinde operatiw bejergi esasy bolup durýandyr.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda, hirurgiki bejergi emeli geşirijileri-şuntlary döretmäge gönükdirilen bolup, olar silikon serişdesinden ýasalan turbajyklardyr.

Emeli geçirijiler kelle çanagynyň içinde geçirilende, olar dykylma ýerinden ýokarda we aşakda ýerleşdirilýär.( meselem, wentrikulosisternostomiýa operasiýasy).

Artyk oňurga-beýni suwuklygyň kelle çanakdan daşa çykarylmagy bilen geçirilýän bejergide, ol gan aýlanyş ulgamyna ýa-da garyn boşlugyna äkidilýändir.

Birinji ýagdaýda beýniniň garynjyklary  sag alyn ýöregi bilen birleşdirilse, ikinji ýagdaýda likwor garyn boşlugyna äkidilip, ol ýerde garnyň ýylmanak bardasy tarapyndan sorulyp alynýandyr.

Bu  usullarda ulanylýan çylşyrymly baglaýjy ulgamlar häzirki zaman neýrohirurgiýasynyň täze serişdelerine degişlidir. Olar ýörüte kateterlerden we klapanlardan (gabsajyk) ybarat bolup, suwuklygyň kelle çanagyndan kesgitlenen basyşda, belli ugurda akmagyny amala aşyrýandyrlar.

Häzirki wagtda ýörite endoskop gurallarynyň kömegi bilen oňurga-beýni suwuklygynyň hereketini kadalaşdyrmak mümkinçiligi döredildi. Ol okklýuzion gidrosefaliýanyň çäkli käbir görnüşlerinde ulanylýan hem bolsa, bu usulda emeli baglaýjy ulgamlary ulanmak mümkinçiligi aradan aýrylýandyr.

Gidrosefaliýanyň kadaly basyş bilen geçýän görnüşiniň käbir ýagdaýlarynda derman serişdeleri (diakarb, digoksin) bilen bejergi hem peýdaly netijeleri berip biler. Bu görnüşde oňurga kanalyny deşip (punksiýa edip) artyk suwuklygy çykarmak usuly hem ulanylýar. Eger bejergi peýdasyz bolsa, ýokarda agzalan baglaýjy ulgamlary ulanmak üçin hirurgiki bejergini geçirmek ýerlikli bolýandyr.

"Ex vacno gidrosefaliýasynda" hirurgiki bejergi degerli netijeleri bermän, tersine, näsagyň ýagdaýyny beterleşdirip hem biler. Bu görnüşde bejergi esasy kesele gönükdirilen bolmalydyr.

Gidrosefaliýa giňden ýaýran, çynlakaý çemeleşmeli, köpdürli gaýraüzülmelere getirýän kesel bolsa-da, häzirki zaman neýrohirurgiki usullaryň kömegi bilen oňa getirýän sebäpleri doly aradan aýryp we bejergi geçirip bolýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2188 gezek okalan

Teswirler (2)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Lukman

Hormatly Begzot!<br />Biziň ýurdumyzda gidrosefaliýa keseliniň bejergisi, onuň görnüşine we kliniki alamatlaryna baglylykda uly lukmançylyk merkezleriniň newrologiýa we neýrohirurgiýa bölümlerinde geçirilýär.<br />Aşgabat şäherinde şeýle näsaglar...

Hormatly Begzot!<br />Biziň ýurdumyzda gidrosefaliýa keseliniň bejergisi, onuň görnüşine we kliniki alamatlaryna baglylykda uly lukmançylyk merkezleriniň newrologiýa we neýrohirurgiýa bölümlerinde geçirilýär.<br />Aşgabat şäherinde şeýle näsaglar bejergi üçin Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň newrologiýa bölümine hem-de S. Niýazow adyndaky bejeriş we maslahat beriş merkeziniň neýrohirurgiýa bölümine ýüz tutup bilerler.

Dowamy
 
  1. Begzot

Salam hormatly lukman maňa ýurdumyzda Gidrosefaliýa keselini bejerýän medissina merkezi barada gürrüň berseňiz örän hoşal bolardym...

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location