Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SAKAWLAMANY NÄDIP BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

Hormatly Myhman!

Sakawlama keseli beden keseli däl-de, nerw ulgamynda, onda ýüze çykýan näsazlyklara bagly gepleýşiň çylşyrymly bozulmasydyr.

Sakawlamany bejerme belli bir wagty, taýynlygy bolan hünärmeni talap edip, ýörite düzülen bejeriş meýilnamalary esasynda alnyp barylýar.                                                                        

Bejergi aşakdaky çärelerden başlanýar:

1. Adamyň psihologiki aýratynlyklaryny öwrenmek, sakowlamanyň görnüşini kesgitlemek;

2. Endik bolup galan gepleýiş düzgünlerden dynmak. Dem alyş, ses çykaryş we sesleri dogry aýdyp bilmek ukybyny kadalaşdyrmak maksady bilen maşklary geçirmek. Onuň üçin gepleýişde  dogry dem almak, sesleri ýumşak we dogry aýtmak, gepleşige gatnaşýan beden agzalaryny türgenleşdirmek ýaly çäreler toplumy ulanylyp, geplemek, ýuwaş , mesaýy düzgünden başlanýandyr.

3. Sözleýişde kyn düşýän sesleriň üstünde işlemek. Adamda şol sesleri geplemekde ýüze çykýan gorkyny aýyrmak.

Bar bolan kynçylyklardan dynmaga Size logoped we psihonewrolog lukmanlary kömek eder. Belli bir wagt, siziň erjellidigiňiz we sabyrlydygyňyz, lukmanyň siz üçin saýlap alan bejergi usuly Size sözleýiş kemçiliginden dynmaga kömek eder.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2478 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Gumman.

Menä sakaw. Sakawlaýan gyzy söýmegem kyn. Köp lukmanlara ýüz tutdum, ýöne henize çenli sakawlykdan oňat dynyp bilemok. Adam durmuşy üçin köp kesellerden ýaramaz ekeni.<br />Hormatly saýtyň okyjysy Myhman, itden gorkup sakaw bolan bolsak, hökman...

Menä sakaw. Sakawlaýan gyzy söýmegem kyn. Köp lukmanlara ýüz tutdum, ýöne henize çenli sakawlykdan oňat dynyp bilemok. Adam durmuşy üçin köp kesellerden ýaramaz ekeni.<br />Hormatly saýtyň okyjysy Myhman, itden gorkup sakaw bolan bolsak, hökman açylarsyň, ýöne meniň ýaly uzak sakaw bolmak miýesser etmesin.

Dowamy
 
  1. Gökhan.

Häzirki wagtda sakawlamagy bejermek üçin lukmanlar erjellik bilen bejeriş işini alyp barýarlar. 30-40 ýyl mundan öňem onuň bejergisi Türkmenistanda alynyp barylmaýan ýalydy. Sakaw adamlar ýaşlykdan tä ömürleriniň ahyryna çenli adynyň yzyna...

Häzirki wagtda sakawlamagy bejermek üçin lukmanlar erjellik bilen bejeriş işini alyp barýarlar. 30-40 ýyl mundan öňem onuň bejergisi Türkmenistanda alynyp barylmaýan ýalydy. Sakaw adamlar ýaşlykdan tä ömürleriniň ahyryna çenli adynyň yzyna goşulan "Sakaw" lakamy bilen ýaşaýardylar.

Dowamy
 
  1. Şiraly.

Haýran galaýmaly, öňler türkmenlerde it topulyp, sakaw bolan çagany soň, ýenede gorkuzyp, bejermeli diýerdiler. Çaga şeýle ýagdaýda dil açaýdy diýip ýörenlere duşsagam nähili hakykata gabat gelýänini bilmek başartmady.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location