Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRGENLEŞIKLER ÝEŇSE DAMARY ZEPERLENDIRIP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň gürrüň berşiňizden boýnuň myşsalarynyň süýnmegi, dartylmagy ýüze çykypdyr. Aşa köp, agramly türgenleşmeler bu ýagdaýa getirip biler. Bu ýagdaýy aradan aýyrmak üçin:

  • Wagtlaýyn türgenleşmelerden saklanmak;
  • Süýnen myşsalary ýyly saklap, hereketleri çäklendirmek üçin boýun üçin korsetleri (şeýnyý worotnik) geýip gezmek (agşam ýatylanda hem);
  • Agyrsyzlandyryjy we ýerli täsir ediji serişdeleri ulanmak (Diklofenak, naklofen sanjymlary, efkamon, finalgon, fastum gel, duoflam melhemleri çalmak) - ýaly çäreler uly peýda berip biler.

Boýunda ýüze çykýan agyrylaryň başga sebäplerini aradan aýyrmak üçin newropatolog, trawmatolog lukmanlaryň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2637 gezek okalan