Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AŇASTY AŇ NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Aňasty aň – aňyň gatnaşmazyndan we onda galmazdan ruhy dünýäde bolup geçýän hemme ahwalatlary bellemek üçin ulanylýan düşünjedir. Ilkinji gezek bu düşünjäni 1889-njy ýylda P. Žane pelsepeden ýazan ylmy işinde girizdi.

Aňasty aňyň ukyby barada alym Geo. K. Pizer öz kitabynda şeýle ýazýar: "Aňasty aň özbaşdak ulgamdyr. Ol adamynyň hemme bedenini dolduryp, garşylyga duçar bolmadyk ýagdaýynda, bedeniň hemme işlerine, duýgularyna, şertlerine doly gözegçilik etmäge ukyplydyr.

Aň biziň meýletin hereketlerimizi gözegçilikde saklaýan bolsa, aňasty aň hemme gizlin beden ahwalatlarynyň anatomiki işjeňligine gözegçilik edýändir. Iýmit siňdiriş, bölünip çykarmalar, ýüregiň işi, dem alma, öýjükleriň işjeňligi, olardaky üýtgemeler – şularyň hemmesi aňasty aňyň hukugyndaky ýagdaýlardyr... Ondan başga-da, gözi ulanmazdan ol görüp bilýändir. Ol örän duýgurdyr. Hiç hili serişdesiz ol adamlar bilen sözleşmäge ukyplydyr. Aňasty aň beýleki adamlaryň pikirini okap bilýär. Ol maglumaty alyp, ony başgalara iberip bilýändir. Uzak aralyk onuň üstünligine täsir edip bilmez".

Aňasty aň biziň durmuşymyzdaky islendik wakany saklap goýýar. Biziň aňymyz ol durmuş maglumatlaryny ýatdan çykarsa hem, aňasty aňda olar "ýazylýar". Psihologlaryň belleýşi ýaly, aňasty aňyň esasy düşünjeleri çagalyk döwründe emele gelýär.

Uzak durmuşyň dowamynda adamyň aňy we dünýä garaýşy üýtgese hem, onuň aňasty aňynyň görkezmeleri üýtgemän biler. Meselem, eger adam çagalykda suw bilen bagly dörän gorky netijesinde ýüzmäge gorkýan bolsa, howsalany diňe çagalykdaky şol waka öz aňasty gatnaşygyny üýtgedip ýeňip bolar.

Adamyň aňasty aňy aýdylan sözlere göni manyda düşünip bellemäge ukyplydyr. Şonuň üçin hem adam öz isleglerini, meýillerini ýönekeý we düşnükli dilde aýdyp, aňasty aňynda rowaçlyga, işiniň ugruna bolmagyna "ýol açyp biler".

Gipnoz çäresi hem aňasty aňyň şu häsiýetini ulanýandyr. Aňasty aň diňe durmuş wakalaryny "ýatlap goýman", olara baha hem berýändir. Öz eden etmişi üçin adamyň aňasty özüni "jezalandyrýan" halatlarynyň köp duş gelýändigini psihologlar belleýärler.

Aňasty "ýazylýan" maglumatlary ulanyp we öwrenip adam özüniň durmuşyny üýtgedip hem, özüni köp kesellerden, howsalalardan halas edip hem bilerdi.

Ýöne köp adamlar aňasty aňyna üns bermeýärler we ol barada bilmeýärler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3013 gezek okalan