ÇAGA SAGLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Çagalarda beýniniň şikeslenmegi, merkezi nerw ulgamynyň keselleri çaşy gözlülige getirip biler. Ondan başga-da, esasy sebäbi bolmasa hem, çaganyň hörezek, gyzamyk, difteriýa ýokançlyklaryny geçirmegi hem çaşylygyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Köplenç ýagdaýlarda, göz myşsalarynyň sazlaşykly işiniň bozulmalary görüşiň dogabitdi kesellerinde ýüze çykýandyr: daşdan görüjilik ukybynyň ýokarlanyp, ýakyndan görüşiň peselmegi ýa-da tersine, ýakyndan aýdyň görüp, daşdan görmegiň peselmegi, astigmatizm we başgalar.

Bu sebäpleriň hemmesi, çaganyň ömrüniň birinji ýyllarynda görüşiň kadaly ösüşiniň bozulmagynda, 3 ýaşda bolsa, çaşaran gözde görüşiň peselmegi bilen ýüze çykýan gözüň çaşylygyna getirip biler. Sebäplerini anyklap, gözüň çaşarma ýagdaýlaryny 18-23 ýaşa çenli (şol ýaşdan soň gözüň kämilleşmegi tamamlanýar) bejerip bolýandyr.

Goşmaça barlaglary geçirmek üçin Size newropatolog lukmanyndan başga-da oftalmolog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2213 gezek okalan

Teswirler (2)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. bashim

Salam lukmanlar menin oglym indi 1yasayan onyn kelesindaki yumsak lorkyldayan yer gatady onyn gatamagy zyyanlyny şul hakynda jogap ýazsanyz gayty hosal bolardyk.

 
  1. Dowran

Chagan ichinin bozulmagyna name derman peydaly?

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location