Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AGLAKLYGA GARŞY ÇARE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Aglama netijesinde ýaramaz, bedeni dartgynlyga getirýän duýgulary çykarma peýdaly bolup, beden agyrysy, güýçli öýke, uzaga çekýän gamgynlylyk ýagdaýy aglamaklygyň sebäbi bolup biler. Ýöne aglaklyk hiç hili sebäpsiz, ýygy we uzak wagtlap ýüze çykýan bolsa, elbetde bu ýagdaýlarda sebäbi gözlemek zerurdyr. Pajygaly durmuş ahwalatlaryndan soň nerw ulgamyň bozulmalary, galkan çekilli mäziniň işiniň ýetmezçilikleri, neýroserkulýator distoniýa keseli aglaklygyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler. Aýal-gyzlarda öýkeleklik we aglaklyk, gaharjaňlyk aýbaşynyň öňsyrasynda hem syn edilip bilinýär. Siziň maslahat bermekligi soraýan dermanlaryňyz antidepressant serişdeler bolup, olary dine lukmanyň maslahatyndan soň kabul etmek maslahat berilýär. Siziň bu näsazlyk bilen özbaşdak göreşip bilmedik ýagdaýyňyzda (özüňi dine şatlykly zatlar bilen gurşamak, gülküli kinofilmleri görmek, aglama isleg dörände süýji sormak, gözüňi giňden açyp başga zatlara ünsüňi sowma, uludan, çuň dem alma) endokrinolog we newropatolog lukmanlaryna ýüz tutup, sebäbi anyklama ýerlikli bolar.

Lukmanyň maslahatyny alýançaňyz, rahatlandyryjy serişdelerden men size Magne-B6 we glisin dermanlaryny kabul etmegi maslahat berip bilerin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3516 gezek okalan