Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝÜREGIŇ INFARKTYNYŇ GAÝTALANMAZLYGY ÜÇIN NÄME ETMELI?
Hormatly okyjy!
Geçirlen ýüregiň infarktyndan soňky çäreler ölümçiligiň öňüni almaga, gaýtadan infarktyň we dowamly ýürek ýetmezçiligiň döremegine garşy gönükdirilen bolmalydyr.
Bu çärelere aşakdakylar degişli edilip bilner:
► Gan basyşyňyzy 140/90 görkezijiden pesde saklamaga çalyşmak we ony kadada saklamak üçin (eger ol ýokarlanýan bolsa) gan basyşy peseldýän derman serişdeleri lukmanyň maslahatyndan söň ulanmak;
► Lukmanyň maslahatyndan soň gany suwuklandyryjy kardioaspirini we ýuregiň işini kadalaşdyryjy b-adrenoblokatorlary ulanmak. Bu iki derman serişdesini infarktyň gaýtalanmazlygy üçin 2 ýyla golaý wagt kabul edýärler;
► Saglyga zyýan edip biljek endiklerden – çilim çekmekden, alkogol içgileri aşa kabul etmekden gaça durmak;
► Kabul edýän iýmitiňiziň düzümini kadalaşdyrmak – doýgun ýaglary, duzy, gandy çäklendirmek, iýmitiňize düzümi uly süýümli önümler bolan ir-iýmişleri we gök önümleri ýeterlik mukdarda goşmak. Dogry düzülen berhiz ganyň düzümindäki holesterini 10-20% peseltmäge kömek edip bilýändir.
► Fiziki işjeňligi saklamak möhümdir. Ýörite düzülen maşklar ýüregiň myşsasyny gurplandyrmaga, gan aýlanşygy gowlandyrmaga kömek edip, bu çäreler geçirlen infarktdan soňky dikeldiş döwri düzýändir we olar kardiolog lukmany tarapyndan bellenilmelidir. Şeýle hem, kadaly fiziki işjeňlik semizligiň döremeginiň öňüni almaga kömek eder.
► Ganyň düzümindäki gandyň mukdaryny kadada saklamak möhümdir. Çünki gandyň derejesiniň ýokarlanmagy ýürek-damar keselleriň, şol sanda ýuregiň infarktynyň döreme ähtimallygyny ýokarlandyrýandyr.
Siz gaýtadan infarkty geçirendigiňizi aýdýarsyňyz. Hemme bejeriş we öňüni alyş çärelerini geçirýändigiňize garamazdan, ýüregiň infarkty gaýtalanýan bolsa, ýüregiň gan damarlarynyň ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen koronarografiýa barlagyny geçirme netijeli bolardy. Bu babatda has doly maslahat almak üçin size kardiohirurg lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 5630 gezek okalan