Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜREK WE BÖWREK ÇIŞGINLILIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Böwrek we ýürek keselleri sebäpli döreýän çişginliligiň tapawudy aşakdaky alamatlardan ybaratdyr:

► Birnäçe aýyň dowamynda döreýän ýürek çişleri bilen deňeşdirilende, böwrek çişleri has gysga möhletde döreýärler.

► Böwrek çişleri ilki bile ýüzde (gabaklaryň çişmegi, gözleriň aşagynda "haltajyklaryň" emele gelmegi) döreýän bolsa, ýürek çişleri aýaklardan we garnyň öňki diwarynda döräp başlaýar.

► Böwrek çişleri ýumşak we hereketli  bolup, ony bir ýerden başga ýere süýşürip bolýandyr. Ýürek çişleri has gataňsy bolup, olary süýşürme kyndyr.

► Ýürek çişlerinde hemişe bagyr ulalan bolýar. Böwrek çişlerinde bu ýagdaý syn edilmeýär.

► Ýürek çişlerinde, näsag deminiň gysýandygy sebäpli pes ýagdaýda ýatyp bilmeýär. Böwrek çişlerinde bu alamat syn edilmeýär.

► Çişginliligiň iki görnüşi hem, olara mahsus bolan alamatlar bilen bilelikde döreýär.

► Ýürek çişlerinde bu ýagdaý syn edilmese hem, dowamly böwrek kesellerinden ejir çekýän näsaglarda, çiş döremezden öň bedeniň agramy ýokarlanyp başlaýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6689 gezek okalan