Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝÜREK NÄME ÜÇIN ÇALT URÝAR?
Hormatly okyjy!
Ýüregiň ýygy urmasy (tahikardiýa) dürli sebäplere görä ýüze çykýandyr: ýüregiň elektrotolkunlaryny geçirijiliginiň bozulmagy, miokardit, galkan şekilli mäziň işjeňliginiň ýokarlanmagy, gan basyşynyň üýtgemegi, käbir derman we neşe serişdeleriniň kabul edilmegi, kofe içgisiniň çendenaşa kabul edilmegi. Ýokanç kesellerinde beden temperaturasynyň ýokarlanmagy netijesinde hem ýürek urmasynyň ýygjamlaşmagy duş gelip biler. Emosional tolgunmalar, fiziki işjeňlik ýürek urmasynyň çaltlaşmagyna getirse-de, bu ýagdaý fiziologiki bolup, ol wagtlaýyn häsiýete eýedir.
Lukmanlar tarapyndan Sizde ýüze çykan ýürek urmasynyň ýygylaşmagynyň anginadygy kesgitlenen bolsa, megerem, ol bu keseliň gaýraüzülmesi bolan miokarditiň döränligi sebäpli ýüze çykýandyr. Goşmaça barlag geçirmezden belli netijelere gelme kyn bolup durýar.
Ondan başga-da, ýüregiň çalt urmasynyň ýüregiň infarktyna, tromboemboliýa (ganyň lagtalanyp, gan damarlaryny ýapma ýagdaýy) getirip biljekdigini göz öňüne tutup, bu ýagdaýyň anyk sebäbini kesgitlemek üçin gaýtadan kardiolog we otolaringolog lukmanyň maslahatyny almagyňyzyň wajypdygyny belläsimiz gelýär.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 6642 gezek okalan