Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GARA BASMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Halk arasynda bu ýagdaý her dürli düşündirişlere eýe bolýan bolsa-da, lukmançylykda ol howa ýetmezçiligi bilen ýüze şykýan, dem alşyň çuňlugynyň we ýygylygynyň bozulmagyny (dispnoe) häsiýetlendirýän hadysadyr. Bu bozulmanyň döremegine dem alyş ýollarynyň dürli sebäplere görä daralmagy, dem alyş agzalaryň keselleri (meselem, dowamly bronhit), ýürek-damar ulgamynyň keselleri (meselem, stenokardiýa, ýürek gabsasynyň ýetmezçiligi we ş. m.), semizlik, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary, wegeto-damar distoniýasy sebäp bolup biler. Nerw ulgamyň ýokary işjeňligi, gaýtalanyp durýan stress ýagdaýy, howsalalyk hem gijeki dem alşyň bozulmagyna getirip bilýändir. Bu ýagdaýyň köplenç hor çekmeler bilen utgaşyp duş gelýänini hem bellemelidir.

Bu bozulmanyň sebäbiniň köpdürlüligi, degişli lukmanlaryň doly barlagyny hem-de bejergisini talap edýändir. Ukynyň bozulmagyna getirýän dem alyş kynçylyklaryny aradan aýyrmak üçin pulmonolog hem-de newropatolog lukmanlaryna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5074 gezek okalan