Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖBEK NAME ÜÇIN AKÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.55 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Göbegiň daşyny gurşap alýan deriniň we onuň aşagyndaky ýag gatlagynyň alawlama hadysasyny, lukmançylyk dilinde "omfalit" diýip atlandyrýarlar. Göbegiň doga kemçilikleri, göbek kanalynyň dar ýa-da çekilen bolmagy we ol ýerde ýag mäzleriniň çykyndylarynyň toplanmagy, gigiýena çäreleriniň (göbek halkasyny ýuwmak) ýeterlik geçirilmezligi, göbege bakteriýalaryň we kömelekleriň düşmegi sowuklama ýagdaýynyň döremegine getirip biler. Bu kesel göbegiň ýanyndaky deriniň gyzarmagy, göbek halkasyndan iriň görnüşli suwuklygyň bölünip çykmagy, agyrylar ýaly alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Göbek halkasynyň sowuklamagy ýönekeý sowuklama hadysasy ýa-da onuň daşyny gurşap alýan dokumalaryň iriňlemegi we ölmegi ýaly görnüşleri bilen ýüze çykyp biler. Wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda göbek gan damarlarynyň sowuklamagy we ýokançlygyň garyn boşlugyna ýaýramagy (peritonit) ýaly gaýraüzülmeler döreýändir.

Ýönekeý omfalit göbek halkasynyň marganeş turşylygynyň (margansowka) ergini, 3%-li perekisiň öteturşysynyň ergini, 1%-li dioksid ergini bilen ýuwma we antibiotik melhemleriniň çalynmagy we antibiotik serişdeleriniň kabul edilmegi, fizioemleri ulanmagyň kömegi bilen bejerilýär. Keseliň başga görnüşleri keselhana şertlerinde bejerilýändir.

Göbek halkasynyň sowuklamasynyň sebäbini anyklap, ýerlikli we dogry bejergini almak üçin hirurg lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2861 gezek okalan