Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AŞGAZANDAKY ÝARALARYŇ BETERLEMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň aýdýan keseliňize aşgazanyň baş keseli diýilýär. Bu keselde aşgazanyň diwarynda bozulmalar (başlar, ýaralar) emele gelýär. Köplenç kesel 20-50 ýaş aralykdaky erkeklerde has köp duşýar. Eger Siz bu kesel bilen keselläp öň degişli bejergileri alan bolsaňyz, onda siz aşgazanyň baş keseliniň ikilenji öňüni alyş çärelerini berjaý etmeli. Bu çäreler keseliň täzeden gaýtalanmazlygyna we onuň bolup biljek gaýra üzülmelerine garşy gönükdirilendir. Onuň üçin elmydama lukmanyň gözegçiliginde bolup, beren maslahatlaryny ýerine ýetirmeli. Keseliň ýitileşme döwürleri esasan ýaz we güýz aýlaryna gabat gelýär. Şu ýagdaýda bejeriş çäreleri gaýtadan geçirmek zerurdyr. Berhizde görkezilen iýmitlere ýykgynlyk edip, gadagan zatlary iýmejek bolmaly. Arassa howada köp gezelenç etmek we şypahanalara baryp bejergi almak hem gowy peýda berer. Lukmanyň görkezmesi boýunça, uzak wagtyň dowamynda aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyny peseldýän derman serişdeleri bellenilip bilner.

Eger üç ýylyň dowamynda keseliň möwsümleýin ýüze çykýan ýitileşmelerini duýmaýan bolsaňyz, diýmek, kesel gowşama döwrüne geçendir.

Egerde kesel wagtynda anyklanylsa, dogry ýagdaýda bejergi bellenilse we gerek bolanda operatiw bejergileri ulanylsa, keseliň netijesi oňaýly bolar. Haçanda keseliň gaýra üzülmeleri ýüze çykyp başlanda, köplenç netijesi oňaýsyz bolýar.

Şonuň üçin Size ilkinji gezek sereden lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3236 gezek okalan