Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇIG ET IÝMEK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Dürli halklaryň naharlarynyň içinde çig etden taýynlanan tagamlar hem azlyk etmeýär. Çig et iýmegi söýüjiler ýaş malyň täze, näzik etiniň, bişirlen ýa-da gowurlan etden has tagamlydygyny belleýärler. Ondan başga hem, adam aminokislotalaryň dürli böleklerini saklaýan belogyň, fosforyň, ýagda ereýän witaminleriň köp bölegini etden kabul edýär. Et ýylylygyň täsiri bilen bişirlende bu peýdaly beloklar, witaminler dargaýar, minerallar bolsa beden tarapdan kynlyk bilen işlenilýän böleklere geçýär.

Çig etiň beden üçin peýdaly taraplarynyň bolşy ýaly, saglyk üçin ýaramaz, howply taraplary hem bardyr. Öküz gurçugynyň ýokuşmagy soňuna çenli bişirilmedik ýa-da çig etiň kabul edilmegi netijesinde bolup geçýär. Çig etiň iýilmegi netijesinde myşsalaryň agyrmagyna getirýän togalak gurçuklaryň (trihinella) ýokuşmagy hem bolup biler.

Sygyr etini çigligine iýip bolar. Guş eti çigligine tagamly däldir. Goýnuň we geçiniň eti bolsa gatydyt. Doňuz etini çig iýmek bolsa saglyk üçin has hem hopludyr. Çünki doňuz etinde gurçuklaryň uly mukdary saklanyp biler.

Şonuň üçin hem eti çigligine ýa-da bişirip iýýändigiňize garamazdan, ony tanaýan söwda nokadyňyzdan satyn almagyňyz wajypdyr.

Ondan başga-da, etiň çigligine iýilmegi iýmit siňdiriş agzalarynyň işine ýaramaz täsir edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1830 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Shanur

Lukman menin iki chagam bar indem chaga galman dur nameden bolup biler.Barlagda ayalymyn garmony guychli diydiler lichenya aldy shonda da peyda edenok.Jynsy gatnashykdan son dol yzyna akyar.Men dol dokyan .

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location