Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KOLONOSKOPIÝA BARLAGY HAÇAN GEÇIRILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

kolonoskopiya"Salam lukman! Kolonoskopiya näme we ony haçan geçirmeli?"

 Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy,

Kolonoskopiýa – bu ýogyn içegäni barlaýyş usuly bolup, lukmana ýogyn we göni içegäniň nemli gatlagynyň ýagdaýyny görmäge mümkinçilik berýändir. Bu barlag ýörite optiki abzal bolan kolonoskopyň kömegi bilen geçirilýär. Barlag usuly diňe bir nemli gatlagy bahalandyrmaga kömek etmän, eýsem barlag üçin biopsiýa almaga, kiçijik döremeleri (polipler) aýyrmaga hem mümkinçilik berýändir.

Kolonoskopiýany geçirmek üçin görkezmeleri we oňa garşy görkezmeleri lukman belleýär. Oňa garamazdan, aşakdaky alamatlaryň ýüze çykmagy barlagy geçirmek üçin ýüz tutmaga sebäp bolup biler:

↪ Täretde ganyň, nemiň we iriňiň bolmagy;

↪ Dowamly içgeçme ýa-da içiň gatamagy;

↪ Ýogyn içegäniň proýeksiýasynda dowamly döreýän agyrylar;

↪ Sebäbi anyklanylmasy kyn bolan gan azlylyk;

↪ Uzak wagtyň dowamynda sebäbi anyklanylyp bolmadyk beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy;

↪ Ýogyn içegede del jisim bar ýaly bolup duýulmagy;

↪ Käbir geçirilýän bejerginiň netijeliligini anyklamak maksady bilen.

Galyberse-de, kolonoskopiýa barlagy dünýäde giňden ýaýran ýogyn içegäniň ragyny anyklamagyň ygtybarly usuly hasaplanýar. 45 ýaşdan soň bu barlagdan wagtly-wagtynda geçmek saglyk üçin aladanyň uly bölegi bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 132 gezek okalan