Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOWAMLY GASTRIT KESELINDE BERHIZ TUTMALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (6 Ses)

Hormatly Şatlyk!

Gastritli näsaglara berhiz tutmak bejerginiň esasy bolup, keseliň ýiti hem-de dowamly döwürlerinde onuň düzümi üýtgäp biler.

Gastroenterolog-lukmanlaryň maslahat bermegine görä, iýilýän iýmitler we içgiler juda sowuk ýa-da gyzgyn bolmaly däldir. Gaty iýmit gowy çeýnelip, günüň dowamynda birnäçe gezek (5-den az däl) az-azdan iýmitlenme dogry hasaplanýar.

Gastritiň ýüze çykyş görnüşine görä, berhizleriň düzümi üýtgäp biler.

Aşgazan şiresiniň pes işlenip çykmasy bilen geçýän gastritlerde ýagly bolmadyk et, balyk, dürli çorbalary, turşy bolmadyk süýt önümleri, täze bolmadyk (düýnki-öňňünki) çörek, süýt, bişirilen ýumurtga, mesge, gowy bişirilen şüleler maslahat berilse, şiräniň köp bölünip çykmasy bilen geçýän görnüşinde bolsa, berhiz onuň işlenip çykmasyny azaltmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Onuň üçin berhize ýagly bolmadyk eti, owradylan gök önümlerden taýynlanan ýagsyz çorbalary, ownuk makaron önümleri, mazaly bişirilen dürli şüleleri goşmak peýdalydyr. Şonuň ýaly-da, çaý, kakao, kofe içmäge rugsat berilýär.

Gastrit keselinde tutulmaly berhiziň aýratynlyklary barada ýakyn günlerde saýtymyzda çykjak "Gastrit: görnüşleri, alamatlary, bejergi çäreleri" diýen makalada giňişleýin gürrüň ediler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4075 gezek okalan