Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DIL NÄME SEBÄPDEN GAÝNAÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň aýdýan alamatlaryňyza görä, Sizde glossit – diliň sowuklama ýagdaýy döräpdir. Bu ýagdaýyň döremegine diliň şikeslenmeleri (zaýalanan dişleriň gyrasy, süňkler), dili gyjyndyryjy iýmitler (ajy, ýiti iýmit) kabul etmek, bedeniň immunitetiniň peselmegi sebäp bolup biler.

Diliň üýtgemegi B12-witamin ýetmezçilikli gan azlylykda, käbir ýokanç kesellerde hem duş gelýändir. Ýüze çykan ýagdaýda şikeslendiriji faktorlary aradan aýryp, ýokançlyga garşy serişdeler bolan furasilin, kaliniň permanganat (margansowka) ergini bilen agzy çaýkamalydyr. Agyryny aýyrmak üçin agyrsyzlandyryjylary saklaýan (meselem, Kamistad ýa-da lidokainiň çopantelpek oty bilen garyndysy) serişdeleri, ýaranyň bitmegi üçin itburnuň (şipownik) ýagyny, witamin A serişdesini, "Aktowegin", "Winisol" serişdelerini ulanmak maslahat berilýär. Diliň zeperlenmesiniň anyk sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3095 gezek okalan