Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÄGIRMEGIÑ SEBÄBI NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Gägirmek – diafragmanyň gysylmalary sebäpli gyzylödekde ýa-da aşgazanda toplanan howanyň agyzdan çykma ýagdaýydyr. Adatça aşgazandaky howa duýdansyz agyzdan ýa-da göni içegeden çykyp, bizi biynjalyksyzlandyrmaýar. Köp howa ýuwdulanda ýa-da aşgazanda köp howa emele gelen halatlarynda aşgazanyň içindäki basyş ýokarlanyp, onuň myşsalary ýygrylyp başlaýar. Bir wagtyň özünde gyzylödek bilen aşgazanyň arasyndaky büzüji myşsa gowşap, aşgazan bilen oniki barmak içegäniň arasyndaky büzüji myşsa bolsa  gysylýandyr. Bu ýagdaý hem gägirme ýagdaýyny ýüze çykarýandyr. Ýygy-ýygydan ýüze çykýan gägirme aşgazanyň we oniki barmak içegäniň, öt haltanyň, bagryň, içegeleriň kesellerinde, diafragmal ingisi emele gelende, nerw ulgamynyň käbir bozulmalarynda (aşgazanyň newrozy) ýüze çykyp biler.

Gazlandyrylan içgileri köp kabul etmek, sakgyç çeýnemek, aşgazanda uzak wagt saklanýan önümleri kabul etmek (noýba, nohut we ş. m.) hem gägirmäni döredip biler. Gägirmäni aradan aýyrmak üçin oňa getirip biljek önümlerden gaça duruň, iýmiti gyssanman gowy edip çeýnäň. Eger gägirme ýagdaýy dowam etse, sebäbini anyklap, bejergi çäreleri geçirmek üçin gastroenterolog lukmanlara ýüz tutuň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2018 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location