Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜREK BULANMANY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Size alkogol içgileri kabul edilenden soň dörýän ýürek bulanmany aýyrmak üçin aşakdaky maslahaty berip bolar:

► Aşgarlanan minerallaşdyrylan süwüň birnäçe stakanyny kabul ediň. Minerallaşdyrylan suw bedeniň zäherlenmesini aradan aýyrmaga hem-de gaýtarma netijesinde ýitirilýän duzuň öwezini dolmaga kömek berýär.

► Ýürek bulanmany, marinada ýatyrylan gök önümleriň suwuny kabul etmek, pasterizasiýany geçmedik kwas, limon şiresi, aýran, gymyz ýaly içgiler hem, düzüminde köp mukdarda saklanýan süýt turşulygy sebäpli aýryp bilerler.

► Ýürek bulanmada gök çaý içmek hem peýdaly içgi hasaplanýar.

► Nahar iýmezden öň, täze taýynlanan ýer almasynyň şiresiniň 1 nahar çemçesini kabul ediň.

► Ýörek bulanmadan iýmit sodasynyň erginini kabul ediň (1 stakan suwa 1 çaý çemçesi).

► Işjeňleşdirilen kömri kabul etmek hem peýdaly netijäni berip biler. Kömürli gerdejikleri alkogol içgileriň yz ýany ýa-da ertesi gün hem kabul etmek bolýar. Eger Siz agşamdan onuň 4 gerdejigini kabul etseňiz, belki-de irden özüňizi beýle ýakymsyz duýmarsyňyz. Özüňizi erbet duýup başlan badyňyza, her 4-6 sagatdan gerdejigiň 2-4 sanagyny kabul etmek maslahat berilýär. Kömür zäherleri özüne sorup alyp, bedenden çykmaga ýardam berýär.

► Gezmelemeler, ýeňil fiziki maşklar hem (eger sehoşluk ýagdaýy geçen bolsa) bedeniň alyş-çalyş ýagdaýyny çaltlandyryp, zäherleriň bedenden çalt çykmagyna kömek edip biler.

► Ýokarda aýdylan çäreler kömek etmedik ýagdaýynda, aşgazany ýuwmak çäresini geçirme, zäherlenme alamatlary güýjäp, Siz ýeňillik duýmadyk halatyňyzda lukmana ýüz tutmak ýerlikli bolar.

► Alkogol içgileriň ýaramaz täsirinden dynmak üçin ýörite serişdeler hem çykarylýar. Meselem, Alka-prim serişdesi. Düzüminde glisinden başga asetilsalisil turşulygyny (aspirin) saklaýanlygy üçin, onuň ulanylmagy aşgazanyň nemli bardasyny gyjyndyrmazlyk üçin maslahat berilmeýär.

Bedeniňizi ýaramaz üýtgemelere sezewar edip, özüňizi artyk alada goýmazlyk üçin, iň gowusy alkogol içgilri kabul etmekde belli bir çägi saklamakdyr ýa-da ony asla kabul etmezlikdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5624 gezek okalan