Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AŞGAZAN ASTY MÄZI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.95 (38 Ses)

Hormatly okyjy!

Aşgazan asty mäziň sowuklamasy (pankreatit) ýiti ýa-da dowamly görnüşde geçip biler. Bu ýagdaý özbaşdak kesel höküminde ýa-da iýmit siňdiriş ulgamyň başga agzalarynyň keselleriniň gaýraüzülmesi hökmünde ýüze çykyp biler.

Öt haltanyň sowuklamasy, onda daşyň döremegi, kadasyz iýmitlenme, arakhorluk, aşgazan asty mäziň damarlarynyň aterosklerotiki zeperlenmesi, käbir ýokanç keselleriň täsiri, himiki maddalar (gurşun, fosfor, simap) bilen zäherlenme keseliň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Pankreatit keseli üçin işdäsizlik, gägirme, ýürek bulanma, gaýtarma, içiň ýellenmegi, täret etmäniň bozulmalary, içdäki agyrylaryň döremegi mahsusdyr. Mäziň zeperlenen bölegine baglylykda agyrylar sepirjigiň sag ýa-da çep tarapynda, çep gapyrgasty tarapda aýlawly häsiýetli döräp biler. Agyrylar tutgaý görnüşli hem bolup, ýagly, ýiti iýmit kabul edilenden soň ýüze çykyp bilerler.

Keseliň bejergisi berhiz tutma (beloklaryň mukdaryny ýokarlandyrma, ýagy çäklendirme), mäziň çykarýan fermentleriniň täsirini basyjy (kontrikal, gordoks, trasilol) serişdeleri, iýmit siňdiriş fermentleri, görkezme boýunça antibiotikleri ulanma çäreleri öz içine alýandyr.

Mäziň kistalary emele gelende, onuň iriňlemegi, mäziň çykaryjy ýodalarynyň şikeslenmelerinde, keseliň güýçli agyrylar bilen geçýän görnüşlerinde hirurgiki bejergi geçirilýär. Pankreatit keselinden ejir çekýän näsaglar gastroenterolog lukmanyň kadaly gözegçiliginde saklanmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 17910 gezek okalan