Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZYLÖDEK BILEN AŞGAZANYŇ BIRIGÝÄN ÝERINDÄKI EROZIÝANY NÄDIP BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.43 (7 Ses)

Hormatly Abdylla!

Gyzylödek bilen aşgazanyň birleşýän ýerinde eroziýanyň döremegi, köplenç aşgazan şiresiniň yzyna gaýtmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel (gastroezafageal reflýuks keseli) netijesinde ýüze çykýar. Aşgazan şiresiniň yzyna zyňlyp, gyzylödegiň nemli örtügini zeperlendirme ýagdaýy aradan aýrylmasa, eroziýanyň doly bitişmegini gazanyp bolmaz.

Bu maksat üçin degişli naharlanyş düzgünini berjaý etmeden başga-da (nahar iýlenden soň öňe egilmeden gaça durma, agşam nahar iýmeden saklanmak, dar eşikleri geýmek, bilini guşamak), başga serişdeler bilen birlikde (antasidler, dofamin reseptorlary togtadyjy serişdeler)  gastroenterologiýada giňden ulanylýan proton pompasyny togtadyjy topara degişli serişdeleri (omeprazol, pantoprazol, rabeprazol, lansoprazol) ulanma, geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, has hem peýdaly bolar. Ejeňiz lukmanyň kadaly gözegçiligi astynda boldumy? Bejergi tapgyrlaryny kadaly geçirýäňizmi? Eroziýa kesel kesgidi ezofagogastrofibroskopiýa barlagy netijesinde anyklanyldymy? Häzirki wagtda endoskopiki abzalyň kömegi arkaly eroziw ojaga derman serişdeleri ýetirme usuly hem üstünlikli ulanylýar. Gyzylödegiň eroziýasy kadaly, uzakmöhletleýin, utgaşykly bejergini hem-de lukmanyň kadaly  gözegçiligini talap edýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5393 gezek okalan