Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OBLEPIHA ÝAGYNYŇ PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

Hormatly Abdulla!

Oblepiha ýagy oblepiha ösümliginiň (türkmen dil. – çasaran, çasargan) miwesinden we ýapragyndan alnyp, ol karotina, E witaminine, olein, palmitin, linol turşulyklaryna, hlorofilli maddalara baýdyr. Onuň alawlama garşy täsiri, şikesleri bitiriji, dikeldiji häsiýetiniň belliligi üçin, bu ýag aýal keselleriň bejergisinde (ýatgynyň boýunjygynyň eroziýasy, jynshananyň sowuklamasy), aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keselinde, deriniň şikeslenmelerinde giňden ulanylýar.

Aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keselinde bu ýag 1 çaý çemçeden günde 2-3 gezek kabul edilýär. Gyzylödekden ýagyň çalt geçip, saklanma mümkinçiliginiň bolmaýanlygy sebäpli, bu ýagy onuň eroziýa keselinde ulanma az täsirli bolup biler. Şeýle-de, bu ýagy öt haltanyň alawlama we daş keselinde, bagryň, aşgazanasty mäziň alawlama kesellerinde kabul etmekden saklanmalydygyny aýratyn bellemelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3177 gezek okalan