Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SARYNYŇ GAÝNAMAGY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI WE ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (41 Ses)

 

Nahar iýlenden soň sarynyň gaýnamagy bilen bagly ýaramaz alamatlary başdan geçirmedik adam az-az bolsa gerek. Hepdede üç gezekden ýygy biynjalyk edýän sarynyň gaýnamagy adamynyň özüni duýşuny ýaramazlaşdyryp, onuň işe bolan ukyplylygyna täsir edýär. Sarynyň gaýnamagynyň gyzylödegiň nemli gatlagynyň zeperlenmeleri bilen arabaglanşygy belli bolsa hem, tersine, gyzylödegiň nemli gatlagynyň sowuklama (ezofagit) keselinden ejir çekýän näsaglary bu alamat asla biynjalyk etmän hem biler.

Sarynyň gaýnamagy (rusça – izžoga; latynça – pyrosis; iňlisçe – heartburn, epigastrik burning) – sepirjekden ýokary, gyzylödegiň ugry bilen ýaýraýan we oňaýsyzlyga getirýän döşde döreýän gyzma duýgusydyr. Ol dürli sebäplere görä aşgazan şiresiniň gyzylödege zyňylmagy netijesinde döreýän alamatdyr.

SEBÄPLERI

Wagtal-wagtal, dürli sebäpleriň wagtlaýyn täsir etmegi netijesinde döreýän sary gaýnama tapawutlandyrylyp, ol sebäpleriň aradan aýrylmagy bilen ýitip biler. Nädogry iýmitlenme we ýaşaýyş düzgünleriň bozulmagy bu alamatyň döremeginiň ýygy duş gelýän sebäpleri bolup bilerler:

► Çilimkeşlik, alkogol içgileri, gazlandyrylan içgiler, kofe, şokolad, nahara goşulýan ýiti goşundylar (meselem, narpyz) aşgazany gyjyndyryp, aşgazan şiresiniň köp işläp çykmagyna we onuň içini ýapýan gabsanyň gowşamagyna getirip biler;

► Sitrus miweleri, pomidor, duza ýatyrlan önümler, täze çörek we gowurlan tagamlar sarynyň gaýnamagyny döredip bilerler;

► Aşa doýup iýme hem aşgazanyň süýnmegine we aşgazan şiresiniň köp bölünip çykmagyna getirip biler;

► Aspirin, ortofen, ibuprofen ýaly derman serişdeleri aşgazan şiresiniň köp işlenilip çykmagyna we gyzylödege zyňylmagyna getirýändir;

► Dar eşikleriň we guşaklaryň geýilmegi, agyrlyklaryň göterilmegi, göwrelilik, artykmaç agramlylyk garyn boşlugynda basyşyň ýokarlanmagynyň we aşgazan şiresiniň gyzylödege zyňylmagynyň sebäbi bolup bilýär;

► Nahar iýip ýatma;

► Howsala duýgusy bilen utgaşan gamgynlylyk we newroz ýagdaýlary.

Nahardan soň kadaly döreýän sarynyň gaýnamagyna aýratyn kynçylyk höküminde seretmän, oňa iýmit-siňdiriş ulgamynyň keselleriniň alamaty höküminde çemeleşmelidir. Diafragmanyň ingisi, aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keseli, dowamly gastrit, holesistit (öt haltanyň sowuklamasy), semizlik, gastro-ezofageal-reflýuks keseli bu alamatyň ýygy ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler.

Baş keseliniň ýa-da howply täze döremeleriň hirurgiki bejergisinden soň hem, aşgazanyň we aşgazanasty mäziň şireleriniň gyzylödege düşmesi netijesinde sarynyň gaýnamagy biynjalyk edip biler.

Göwrelilik döwründe, ulalýan ýatgynyň garnyň içindäki basyşy ýokarlandyrmagy we gormonal üýtgemeleriň döremegi aşgazanyň kadaly işine täsir ýetirýändir.

Tutgaýly ýürek agyry keselinde (stenokardiýa) hem döşde agyrylar döräp, ol sarynyň gaýnamagy höküminde kabul edilip bilner.

NÄME ETMELI?

Sarynyň gaýnamagy keseliň alamaty bolman, iýmiti nädogry kabul etmegiň netijesinde wagtal-wagtal döreýän bolsa, kabul edýän iýmitiňize üns berme netijeli bolar.

PEÝDALY ÖNÜMLER

Suwda gaýnan ýa-da bugda bişen noýba, ýer almasy, käşir, makaron önümleri, mekgejöwen çöregi, goňur tüwi aşgazanyň işlemegi üçin peýdaly bolup, balygy, ýagsyz dorogy, peýniri, gaýmagy, eti, şüleleri, almany, banany, gazlandyrylmadyk mineral suwuny, gök çaýy we turşy bolmadyk ir-iýmişlerden taýynlanan gaýnatmalary (kompot) hem iýmek üçin maslahat berip bolar.

IÝMEK BOLMAÝAR:

♦ Gowurlan, duza ýatyrylan, ýiti we ýagly önümler we naharlar;

♦ Ýagly süýt önümleri (gaýmak, dorog, gatyk);

♦ Turşulyklary saklaýan ir-iýmişler (pyrtykal, limon);

♦ Hamyrly konditer önümleri;

♦ Gowurlan ýumurtga;

♦ Nahara goşulýan ýiti we ysly goşundylar;

♦ Tomat pastasy;

♦ Ýiti taýynlanan kofe, çaý we alkogol içgileri hem-de gazlandyrylan suwlar.

EGER SEBÄP AŞA IÝME BOLSA...

♦ Günüň dowamynda ýygy – 5-6 gezek, ýöne az mukdarda iýmit kabul etmäge çalşyň;

♦ Nahar iýeniňizde gyssanman, nahary gowy çeýnäň;

♦ Agşamlyk naharyny agşam sagat 19:00 giç kabul etmäň;

♦ Nahar iýeniňizden soň, iň bolmanda 40 minudyň dowamynda gyşaryp ýatmajak boluň;

♦ Bir gije-gündüziň dowamynda 2 litre golaý suw kabul etmek hökmandyr. Şonuň ýaly-da, gazsyz mineral suwuny içiň, ol gyzylödegiň diwarlaryndan aşgazan şiresini ýuwmaga kömek eder.

Ýatda saklaň! Sarynyň gaýnamagyny nahar sodasy ýa-da süýt bilen "öçürjek" bolmaň. Dogrudan hem, nahar sodasy kabul edilenden soň alamatlar wagtlaýyn gowşap biler. Ýöne oňa jogap edip, aşgazan şiresiniň köp mukdarda işlenilip çykarylmagy we sarynyň gaýnamagynyň ýene başlama ähtimallygy ýokarydyr. Ondan başga-da, nahar sodasynyň dowamly ulanylmagy ganyň aşgarlanmagyna we aşgazanda baş keseliniň döremegine getirip biler. Süýt bolsa aşgazan şiresiniň köp bölünip çykmagyny tijendirýän belogy we kalsiý mineralyny saklap, sarynyň gaýnamagyny has hem beterleşdirip biler.

PEÝDALY ÇÄRELER

Sarynyň gaýnama ýagdaýlarynda ösümlik otlardan taýynlanan dermanlary ulanma hem alamatyň aýrylmagyna täzirini ýetirip biler:

⇒ Çopantelpek gülüniň 2-3 nahar çemçesiniň üstüne 1 stakan gaýnan suw guýup, 10-20 minut goýuň. Soňra süzüp, kiçijik owurtlamalar bilen içiň. Günde 3 stakandan az bolmadyk mukdarda kabul etme maslahat berilýär.

⇒ Ansyň (anis), şibitiň (ukrop) we fenheliň hersinden 1 çaý çemçe alyp, üstüne 1 stakan gaýnan suw guýuň. 1 çaý çemçeden, saryň gaýnamagy bes edýänçä kabul ediň. Bu serişdäni diňe 2 hepdäniň dowamynda kabul etmek bolýar.

Geň bolup görünse hem, sarynyň gaýnamagyny badam maňyzy hem aýryp bilýändir. Onuň üçin badam maňzynyň üstünden gyzgyn suw guýup gabygyny aýyrma we biraz takatly bolup çeýneme ýeterlikdir. Şonuň ýaly-da, süläniň dänesini çeýneme peýdaly bolup biler.

Eger derman ösümlikleri täsir etmedik ýa-da olary tapyp taýynlamaga wagtyňyz bolmadyk ýagdaýynda derman serişdeleri size kömege gelip biler. Häzir dermanhanalarda satylýan renni, almagel, fosfolýugol, maaloks, gewiskon serişdelerini alyp ulanyp bilersiňiz. Ýöne bu dermanlaryň içiň gatamagyna we bedenden kalsiý duzunyň çykarylmagyna täsir edip biljekdigini nazara almalydyr.

Kadaly ýüze çykýan sarynyň gaýnamagy gastroenterolog lukmanynyň barlagyny talap edip, öz-özüňi bejerme synanşygynyň agyr netijelere getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

  • 6655 gezek okalan