AGYZ TURŞAMAGYNYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.89 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Agyzda turşy tagamyň peýda bolmagy esasan, aşgazanyň keselleri (aşgazan şiresiniň köp işläp çykmagy bilen geçýän gastrit, aşgazan şiresiniň gyzylödege zyňylmagy bilen häsiýetlendirilýän aşgazan-gyzylödek reflýuksy) üçin mahsus alamatdyr. Siz bejergiden soň aşgazan agyrylaryň aýrylandygy barada belläp geçýärsiňiz. Diýmek, aşgazanasty mäziň sowuklamasy bilen bilelikde, aşgazanyň zeperlenmesi hem bolmaly. Siz haýsy barlaglardan geçendigiňizi we olaryň netijelerini doly ýazmaýarsyňyz. Bu alamaty döredýän keseli doly anyklap, kadaly, möwsümleýin bejergi alma we bellenen berhizi tutma, sizi biynjalyk edýän ýagdaýyňyzdan dynmaga kömek edip biler. Iýmit-siňdiriş agzalaryň ýagdaýyny anyklamak üçin gastroezafagoskopiýa barlagyny geçme netijeli bolardy.

Şeýle-de, agyz boşlugynyň keselleriniň (dişiň çüýremegi, diş etiniň alawlama keselleri) hem agzyň turşamagyna getirip bilýändigini belläsim gelýär. Şol sebäpden hem, goşmaça barlaglary geçirip, bar bolan kesel kesgidini aýdyňlaşdyrmak üçin gastroenterolog we stomatolog lukmanlarynyň gözegçiligini geçmek ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1853 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Muhammet

Salam hormatly lukman, saç düşmesiniň öňüni almak ün näme etmrli?. Saç düşse şol düşýän ýerine sarymsagyň owrudylan görnüşinde suwuny çalsaň peýdasy bamyka?

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location