Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BÖWREKDÄKI KISTA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Böwregiň kistasy – içi sarymtyl, dury suwuklyk bilen doldurylan, birleşdiriji dokumadan ybarat örtük bilen örtülen, togalak görnüşli böwregiň gurluşynyň anomaliýasydyr. Kistalar ýekeje, köpleýin, birtaraplaýyn ýa-da ikitaraplaýyn ýerleşip, islendik ýaşda döräp biler. Olar öz diametri boýunça 1-10 sm we ondan hem uly ululykda bolup bilerler.

Siz ejeňize geçirilen USB-de anyklanylan kistanyň takyk ululygyny bellemeýärsiňiz. 4-5 sm-e çenli ululykdaky kistalary kadaly gözegçilikde saklaýarlar. Ondan uly kistalara, esasan hem agyry, gan basyşynyň ýokarlanmagy, peşewiň hereketiniň bozulmagy, dowamly piýelonefritiň alamatlarynyň beterleşmegi bilen geçýän ýagdaýlarynda operatiw bejergini geçirýärler.

Bejerginiň hirurgiki usullaryndan, görkezme boýunça, USB-niň gözegçiligi bilen kistany punktirleme we onuň boşlugyny ýörite serişdeler bilen guratma, laparoskopiki usul bilen aýyrma, böwregi aýyrma görnüşleri geçirilýär. Belki-de, lukman Size goşmaça anyklaýyş çäreleri bellär. Bir böwregi aýyrmaly bolýan ýagdaýynda hem galan sag böwrek onuň işini öz üstüne alyp işlemäge ukyplydyr. Ýöne lukmanyň kadaly gözegçiligi zerurdyr.

Ejeňize ýagdaýy düşündiriň. Barlag we bejergi çärelerini geçirmegiň zerurlygyny belläň. Bejergi meýilnamasyny bellemek we maslahat almak üçin S. Nyýazow adyndaky bejeriş we maslahat beriş hassahanasynyň nefrologiýa bölümine ýa-da Böwrek keselleri Merkezine ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3806 gezek okalan