Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
BÖWREKDE DAŞ NÄHILI ÝAGDAÝDA DÖREÝÄR WE ONUŇ ÖŇÜNI NÄHILI ALMALY?
Bu kesel çagalarda hem, uly adamlarda hem deň derejede duş gelýändir. Düzgün bolşy ýaly, adamyň ýaşyna baglylykda emele gelýän daşlaryň düzümi hem dürl-dürli bolýandyr. Uly ýaşly adamlarda peşew turşy daşlar duş gelip, belokly daşlar juda seýrek duş gelýändir. Duş gelýän ýagdaýlaryň 60%-de daşlar öz düzümi boýunça garyşyk bolýarlar. Peşew daşlary esasan böwreklerde we peşew akarlarda emele gelip, peşew halta olar böwreklerden düşýärler. Daşlar ölçegi boýunça ownuk (3 mm-e çenli) ýa-da uly (1,5 sm-e çenli) bolup, agramy 1 kg-a çenli duş gelýän daşlar hem bardyr.
Böwreklerde daşlaryň emele gelmeginiň esasy sebäbi – bedende alyş-çalyş ýagdaýlaryň üýtgemegi, esasan hem suw we duz deňagramlylygynyň hem-de ganyň himiki düzüminiň üýtgemegidir.
Daşlaryň emele gelmegine genetiki töwekgelçilik, iýmit siňdiriş we peşew çykaryş ulgamynyň dowamly keselleri, witaminleriň, esasan hem C we D witamininiň aşa köp kabul edilmegi, süňkleriň şikeslenmegi, galkan şekilli mäziň ýanyndaky mäziň işiniň bozulmalary, bedeniň uzak wagt suwsuzlanma ýagdaýyna sezewar bolmagy, peşewiň turşulygyny ýokarlandyrýan önümleri (ýiti, duzly, turşy) kabul etmek, duzlaryň ýokary mukdaryny saklaýan suwdan peýdalanmak ýaly faktorlar sebäp bolup bilerler.
Ondan başga-da, yssy klimatly howada ýaşaýan adamlarda bu keseliň ýüze çykma töwekgelçiliginiň ýokarydygyny bellemelidir.
Keseliň alamatlary
Düzgün bolşy ýaly, böwreklerde daşyň emele gelmegi elmydama aýdyň alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Ýöne käbir ýagdaýlarda kesel alamatsyz geçip, böwreklerde daşlar başga keseller babatda geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylyp bilner.
Bilde döreýän agyry, agyrynyň bedeniň ýagdaýy üýtgedilende güýjemegi keseliň esasy alamatlaryna degişlidir.
Böwreklerden daşlar peşew akarlara düşende agyrylar garnyň aşagyna, gasyklara, jyns agzalaryna, aýaklara ýaýrap biler.
Güýçli tutgaýly agyrydan soň daşlar peşew bilen çykyp biler. Peşew daşlary bilde döreýän güýçli agyryly böwrek sanjylarynyň ýüze çykmagyna hem getirip bilýändir.
Gowşap hem-de täzeden başlap bu agyrylar birnäçe güne çenli dowam edip bilerler. Eger daş peşew akardan peşew halta düşende, agyrylar bütinleý ýitip gidip bilerler.
Peşew etmäniň ýygylaşmagy, agyryly peşew etme, peşew etme wagty peşewiň kesilmegi, peşewde ganyň görünmegi, onuň bulançak bolmagy ýaly alamatlar daşlaryň peşew akarlarda ýa-da peşew haltada saklanandygyndan habar berýändir.
Böwrek daşlary gan basyşyň ýokarlanmagy, piýelonefridiň döränligini alamatlandyrýan bedeniň gyzgynynyň galmagyna hem getirip biler.
Keseliň alamatlary we ýüze çykyş derejesi daşlaryň görnüşine we ululygyna, onuň ýerleşýän ýerine we şikeslendirýän agzasyna baglylykda üýtgäp bilýändir.
Keseliň anyklanylyşy
Näsag özünde adaty bolmadyk alamatlar dörände (bilde agyry, bedeniň gyzgynynyň galmagy, peşewde ganyň döremegi) haýal etmän lukmana ýüz tutmalydyr.
Adamyň özi peşew çykaryş ulgamynda daşyň bolup bolmazlygyny anyklap bilmeýär.
Urolog lukmanyň geçiren ýörite barlaglary keseli anyklamaga kömek edip biler:
- Peşewiň umumy barlagy-peşewde gany, ýokançlyklaryň derejesini, peşew duzlarynyň düzümini anyklap biler;
- Ganyň umumy barlagy-bedende alawlama ýagdaýy anyklaýar;
- Böwregiň USB-gy daşlary anyklamagyň esasy usulydyr. Ondan başga-da, bu usul daşlaryň hereketi esasynda ulgamda dörän şikeslenmeleri hem ýüze çykarýandyr.
- Ekskretor urografiýa- wena damaryna kontrast maddany goýberilip, birnäçe rentgen suratlary düşürilýär. Peşew çykaryş ulgamyň umumy suraty daşlaryň ululygyny, görnüşini, ýerleşýän ýerini anyklamaga kömek edýär.
- Radioizotop nefrosintigrafiýa-wena ýörite radioizotop serişdesi goýberilip, ol böwrekde toplanyp çykarylyp goýberilýändir. Böwregiň işiniň bozulmalaryny takyk anyklamaga ýardam berýän usuldyr.
Keseliň bejergisi
Keseliň bejergisinde esasy çäre böwrek sanjylaryny aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr.
Daşlary hirurgiki ýol bilen aýyrmak, ýokançlyklara garşy bejergi geçirmek we daşlaryň gaýtadan emele gelmeginiň öňüni almak bejergini düzýän çäreler toplumydyr.
Keseliň bejergisi-ýörite serişdeleri we berhizi ulanmakdan ybaratdyr.
Lukmançylykda, daşlaryň eremegine getirýän ýörite serişdeler hem ulanylyp, olar has kiçi ululykly daşlar üçin netijelidir.
Keseliň hirurgiki bejergisi-peşew çykaryş ulgamyndaky daşlary aýyrmaga gönükdirilendir.
Ýörite tolkunlaryň urgulary bilen (litotripsiýa) daşlary owratmaga hem hirurgiki bejergi usullaryna degişli bolup, bu usul näsaglar tarapyndan ýeňil geçirilýändir. Bu usul kiçi daşlary owratmakda ýokary netijeleri berip biler.
Böwregiň daş keseliniň bejergisi wagtynda geçirilmese, ýiti piýelonefrit, ýiti sistit ýaly keselleriň döremegine sebäp bolup biler.
Uzak dowam edýän bu gaýraüzülmeler bolsa, böwregiň iriňli dargamagyna getirip, böwregi aýyrma bejeriş çäresini geçirmäge mejbur edip bilýändir.
Keselde berjaý etmeli berhiziň aýratynlyklary
Keseliň bejergisinde berhiz tutma esasy pikir bermeli çäreler bolup durýandyr. Emele gelýän daşlary düzümi boýunça iki topara-aşgarly (fosfatlar we karbonatlar) hem-de turşy (uratlar we oksalatlar) görnüşlere bölme berhizi düzmäniň esasy ugurlary bolup durýandyr.
Fosfatly daşlarda, peşew aşgarlanan ýagdaýda bolup, ony turşatmak möhümdir. Şuny göz öňüne tutup, peşewi aşgarlaýan ir-iýmişlerden we gök önümlerden, süýt önümlerinden gaça durup, tersine, ony turşadýan et, balyk, hamyrly önümleri, ösümlik ýagyny kabul etmek maslahat berilýär.
Karbonat daşlary, peşewiň aşgarlanmagyna getirip, kalsiý mineralyna baý önümleri (süýt, peýnir, dorog,ýogart) kabul etmekden saklanmalydyr. Hamyrly naharlary, şüläni, gaýnadylan eti we balygy, ýumurtgany kabul edip, peşewiň tutşulygyny ýokarlandyrmaga çalyşmalydyr.
Uratly daşlar emele gelende, bedende peşew tutşulygyny emele getirýän önümleri (bagyr, etli çorbalar) kabul etmekden saklanmalydyr. Bu ýagdaýda peşewiň aşgarlylygyny ýokarlandyrýan derman serişdeleri (uralit, blemaren, soluran) ulanylýar.
Oksalat daşlary emele gelende şawel turşulygy we kalsiý saklaýan önümlerden (ysmanak, şawel oty, pyrtykal, süýt, ýer almasy, peýnir, dorog) gaça durmak maslahat berilýär.
Köplenç şeýle näsaglara her gün magniý karbonatyň 2 gramyny kabul etmek maslahat berilýär. Magniý mineraly içegede şawel tutşulygy bilen birleşmäge ukyplydyr.
Peşew daşly keseliň hemme görnüşlerine aşakdaky umumy maslahatlar degişlidir:
- Kabul edilen suwuklygyň umumy mukdaryny (bir günde 2 litrden az däl) köpeltmeli. Tomus aýlary teşneligi duýmaz ýaly mukdarda suwuklygy kabul etmeli;
- Dürli otlardan edilen buşukdyryjy gaýnatmalary kabul etmeli;
- Aşa köp iýmit kabul etmekden, esasan hem ýiti, turşy, ýagly önümlerden saklanmaly. Bedeniň kadaly agramlylygyny saklamak keseliň döremeginiň öňüni alýandyr;
- Alkogolly içgileri kabul etmekden saklanmaly;
- Fiziki işjeňligi, hereketliligi artdyrmaly;
- Bedeniň aşa sowuklamagyndan gaça durmaly, biliňizi hemişe ýyly saklamaly.Peşew-çykaryş ulgamyň sowuklama kesellerini wagtynda bejermäge çalyşmaly;
- Biliňizde agyrylaryň dörän wagty haýal etmän lukmana ýüz tutmaly.
Keseliň öňüni alyş çäreleri
Ýokarda aýdylanlardan belli bolşy ýaly, dogry iýmitlenme, ýeterlik suwuklyk kabul etmek peşew daşly keseliň döremeginiň öňüni almakda esasy çärelerdir.
Eger Sizde böwrek sanjylary tötänden başlan bolsa, biliňize ýyly grelkany goýup hem-de ýygrylma agyrylara garşy derman serişdeleri kabul edip , lukmany çagyrmalydygyny ýatda saklaň.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 13663 gezek okalan