Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SISTIT GAÝTALANSA NÄME ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýokançlygyň peşew halta düşmegi sistitiň döremegine getirip, onuň her 5-6 aýdan gaýtalanmagy bolsa keseliň dowamly görnüşe geçendiginden habar berýändir. Bedeniniň goraglylyk ulgamynyň gowşamagy, içki beden agzalaryň dowamly keselleri (kolit, disbakterioz, pankreatit), gurçuklama keseli, witamin ýetmezçiligi, peşew çykaryş ulgamynyň doga ýetmezçilikleri, peşew daş keseli sistitiň döremeginiň sebäpleri bolup bilerler.

Köp suwuklyk kabul etme (ýyly süýt, çaý, miwe şiresi, gazlandyrylmadyk mineral suwy), garnyň aşagyna ýylylyk goýma, otlardan taýynlanan ýyly wannalara çagany oturtma, ýokançlyklara garşy antibiotikleri we sintetiki serişdeleri, otlaryň ýygyndysyndan taýynlanan serişdeleri (meselem, kanefron) ulanma bejerginiň esasy tapgyrlaryny düzýändir. Peýdaly antibakterial serişdäni saýlama üçin peşewiň bakteriologiki barlagyny geçmek peýdaly bolar.

Hemme sebäpleri aradan aýryp, bejerginiň netijeliligine gözegçilik etmek üçin çaga urologyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3760 gezek okalan