Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GIJE BUŞUKMAK
Hormatly okyjy!
Ogluňyzda gije biygtyýar buşukma hadysasynyň döremegi lukmançylkda "enurez" diýlip atlandyrylýar. Bu ýagdaý merkezi nerw ulgamynyň peşew etme hadysasyna gözegçiliginiň peselmegi, peşew bölünip çykma gözegçilik edýän antidiuretiki gormonynyň ýetmezçiligi, çaganyň dowamly stress ýagdaýlary sebäpli döräp bilýändir. 5-6 ýaşa çenli çagalarda biygtyýar peşew etmeleriň aýda 2 gezek, ondan uly çagalarda aýda 1 gezek gaýtalanmagy enureziň barlygyndan habar berip biler. Enureziň bejergisi dürli usullary hem-de wagty talap etse-de, bu ýagdaýdan gutulma mümkinçiligi ýokarydyr. Bu hadysa babatda size newropatolog lukmanyna ýüz tutma peýdaly bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3852 gezek okalan