Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GOLTUGYŇ YSLANMAGYNA GARŞY ÇÄRELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (19 Ses)

Hormatly okyjy!

Goltukdan çykýan deriň ysyndan dynjak bolýan adam özi üçin bir zady berk bellemelidir: der – adam bedeniniň adaty bölüp çykarýan suwuklugy, şonuň esasynda bedenimizdäki suwuň deňagramlylygy bolmaly derejesinde saklanyp, bedenimiziň aşa gyzmaklygyndan goraýar.

Ýaňy bölünip çykan der aslynda tagamsyz we yssyz bolýar. Eger deriň ysy ýakymsyz bolsa, onda siziň içki agzalaryňyzda bir kemçilik barlygynyň alamatydyr. Adam bedeniniň derisi arassa däl, bedeniň ýüzünde ençeme bakteriýalar we kömelejikler ýaşap köpelýärler. Bu bedeniň mahsus florasy bolup, her adamyňky üýtgeşik bolýar. Bakteriýalaryň işläp çykaran maddalary erwet yslanyp başlaýar. Käbir keseller hem deriň ysyny üýtgedip bilýär. Iýmitde köp mukdarda sogan, sarymsak iýlende hem şular ýaly ýaramaz ys döreýär. Adam ajy çaý, kofe, alkogol içgileri içende hem deriň yslanmagy bolup biler. "Et iýmegi bes edilenden soň, bedeniň ysy düýpgöter gowy tarapa üýtgedi" diýip wegetarianlar aýdýarlar. Emma deri mäzleri tarapyndan bölünip çykarylýan deriň düzümi hemme adamlarda tapawutlanýar. Şuňa iýmitden daşary köpsanly başga faktorlar hem sebäp bolup bilýär. Bedendäki bakteriýalar bir bedende işjeň köpelip ýaşasalar, başga bir bedende olaryň ösüşi pes bolýar. Içki agzalardaky näsazlyklary anyklamak üçin Size iç keseller lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýärin.

Ýaramaz ys bilen göreşmegiň birnäçe usuly

Goltugyň ýaramaz ysyndan dynmak üçin antibakterial sabynlary ulanmagy maslahat berýärin. Bu sabyn bedendäki kesel dörediji bakteriýalaryň ösüşini togtadar. Egin-eşigiňizi, aýakgaplaryňyzy ýörite ýokançlyklara garşy niýetlenen serişdeler bilen arassalaň. Bu serişdeleriň hemmesini Siz dermanhanalarda tapyp bilersiňiz.

Goltugyňyzy nahar sodasy bilen zyýansyzlandyrmak usuly iň peýdaly we howpsyz usuldyr. Suwa düşünip bolanyňyzdan soň öl elleriňiz bilen sodany goltugyňyza çalyň we 5-7 minut saklaň, soňra suw bilen ýuwuň. Häzirki döwür deriň bölünip çykmasyny azaltmak üçin ýörite deri-wenerologiýa merkezlerinde Botoks ýa-da Disport sanjymlaryny ulanýarlar. Sanjymyň täsiri şol wagt bildirip başlaýar we 6 aýdan 12 aýa çenli öz täsirini saklap bilýär. Ýaramaz ysa garşy göreşeňizde ýene-de bir zady unutmaň! Bakteriýalar we kömelejikler Siziň egin-eşikleriňizde hem bardyr, şonuň üçin gaýnadyp bolýan egin-eşikleriňizi gaýnadyp, arassalap geýmegiňizi maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5194 gezek okalan