Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SEMIZLIGIŇ DEREJELERINI NÄHILI ANYKLAMALY?
Hormatly okyjy!
Semizligiň derejelerini anyklamaga kömek edýän dürli usullar işlenilip düzülen bolsa hem, semizligiň derejesini bedeniň agramynyň indeksi boýunça kesgitleme has ýörgünli bolup, ol bütin dünýäde ulanylýandyr.
Hasaplama şeýle çeçirilýär: bedeniň agramy (kg) / boýuň inedördül metri. Bu formula boýunça beden agramynyň indeksini kesgitläp, aşakdaky tablisanyň kömegi bilen netije çykaryp bilersiňiz:
Beden agramynyň indeksi |
Adamyň agramynyň boýuna bolan gatnaşygy |
16 we ondan pes |
Beden agramynyň aşa ýetmezçiligi |
16-18,5 |
Beden agramynyň ýetmezçiligi |
18,5-24,9 |
Kadaly beden agramy |
25-29,9 |
Beden agramynyň artykmaçlygy |
30-34,9 |
Semizlik I dereje |
35-39,9 |
Semizlik II dereje |
40 we ýokary |
Semizlik III dereje |
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 7518 gezek okalan