Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

FIZIKI TAÝDAN HORLUK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Bedeniň agramy (has takygy myşsa agramlylygyny köpeltmek üçin) ýokarlandyrmak üçin köp iýmitlenme we beden türgenleşiklerini geçirmek gowy netijeleri berip biler.

Onuň üçin Size aşakdaky maslahatlary berip bileris:

  • Beloga, ýaglara, uglewodlara baý bolan iýmit önümleri bilen iýmitleniň. Günüň dowamynda 3-4 gezek naharlanmadan başga-da, arasynda hem iýmitlenmäge çalşyň. Et, ýumurtga, balyk, dorog, maňyzlar, süýt, däneli önümlerden edilen şüleler, ak çörek Siziň iň köp kabul edýän önümleriňiz bolmalydyr.
  • Gök önümleri we ir-iýmişleri kabul etmek hökmandyr. Şolarsyz iýlen önümler ýeňil özleşmeýär. Siz içiň gatamagynyň hem öňüni alyp bilersiňiz. Gök önümlerden taýynlanan işdäçarlary naharyň ýanyndan iýmäge çalşyň.
  • Duzy köp saklaýan önümleri iýmekden saklanyň. Duz bedende artyk suwy saklap, agzalara, esasan hem ýürege artykmaç agramlylyk salyp biler.
  • Witaminleri saklaýan gerdejikleri kabul ediň.Olary açlygyňyza (ýogsa-da Siz hiç haçan aç bolmaly dälsiňiz) däl-de, nahardan soň kabul etmelidir.
  • Mümkin boldugyndan köp ýatyp, dynç aljak boluň.
  • Iýýän önümleriňiz ýaga geçmän, myşsa agramlylygyny üpjün eder ýaly, türgenleşme maşklary bilen kadaly meşgullanyň. Türgenleşme meýilnamasy garyn myşsalaryny türgenleşdirmekden, gantelleri, turnikleri, ştangalary ulanmakdan düzülen bolup, netijelere gözegçilik etmek üçin tälimçiniň maslahatyny alyp, onuň gözegçiliginde bolmak peýdaly netijeleri berip biler.

Myşsa agramlylygyny ýokarlandyrmakda belokly we uglewodly içgileri kabul etmek hem peýdaly bolup biler. Bu içgiler dürli-dürli bolup, kabul etmekden öň sport tälimçiňiz bilen maslahatlaşmak zerurdyr.

Bedeniň agramyny birden ýokarlandyrmakdan saklanyň. Iýmitlenme we türgenleşme netijesinde her hepdede agramyň 2-2,5 kg köpelmegi kadaly hasaplanýar.

Hormat bilen, Lukman.

  • 3535 gezek okalan