Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SÜÝJÜLI DÄL DIABET

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Süýjüli däl diabet gipotalamusda (nerw ulgamyň bir bölegi) işläp çykarylýan wazopressin gormonynyň ýetmezçiligi netijesinde döreýän keseldir.

Wazopressin ýa-da antidiuretiki gormony, bedendäki suwuň deňagramlylygyny kadalaşdyrýan gormon bolup, onuň ýetmezçiligi çykýan peşewiň mukdarynyň köpelmegi (bir gije-gündizde 5-6 litra çenli), teşneligiň ýüze çykmagy, deriniň guraksy bolmagy, bölünip çykýan tüýküligiň azalmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Beden suwuklyklarynyň içki basyşyny kadalaşdyrmakdan başga-da, wazopressin gan basyşyny bir derejede saklamaga, käbir gormonlaryň işläp çykmagyny  kadalaşdyrmaga, ganyň lagtalanmasyny üpjün etmäge, merkezi nerw ulgamyny işjeňleşdirip, ýatkeşliligi ýokarlandyrmaga gatnaşýar.

Bedene ýetmezçilik edýän gormonyň öwezini dolmak üçin, ony belli bir düzgün boýunça hemişe kabul etmek hökmandyr.

Eger Size endokrinolog lukmany belli bir yzygiderlikde kabul etmek üçin desmopressin (wazopressin gormonynyň sintezirlenen görnüşi) serişdesini bellän bolsa, ony yzygider kabul ediň.

Ondan başga-da, bu keselde minirin gerdejikleri, burnuň içine sepilýän (spreý) presayneks, damja görnüşli H-desmopressin, adiuretin SD, 3-5 günde bir gezek ulanylýan pitressin tanat serişdeleri hem lukmanyň görkezmesi bilen ulanylyp bilner.

Süýjüli däl diabetli adamlar hemişe endokrinolog lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyrlar.

Hromat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3272 gezek okalan