Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AKROMEGALIÝA NÄHILI KESEL?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Akromegaliýa – gipofiz mäzinde somatotropin gormonynyň artykmaç işläp çykarmagy netijesinde döreýän kesel bolup, ol süňkleriň, ýumşak dokumalaryň hem-de içki agzalaryň sazlaşyksyz ösmegi bilen häsiýetlendirilýändir.

Näsagyň daşky keşbiniň üýtgemegi ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçip, ol üýtgemeleri ilki bilen daş- töwerekdäki adamlar duýýarlar. Näsagda gaşüsti egimiň, çekgäniň, aşaky äňiň, dişara ýerleriň ulalmagy ýaly ýüz keşbiň üýtgemeleri bolup geçýär. Ondan başga-da, bu kesel üçin burnuň, gulaklaryň ulalmagy, deriniň çeýeliginiň ýitmegi, elleriň we dabanyň, döş kapasasynyň görnüşiniň ulalmagy ýaly alamatlar mahsusdyr. Näsaglary ysgynsyzlyk, bogunlarda agyry, derlegenlik, aýallary aýbaşy halkasynyň bozulmagy, erkek adamlary bolsa jynsy höwesiň peselmegi biynjalyk edip biler.

Somatotropin gormonynyň artykmaç bölünip çykmagy gipofiziň adenomasy netijesinde ýa-da endokrin mäzlerde (galkan şekilli mäz, böwregasty mäz, jyns mäzleri) dörän bozulmalar zerarly bolup geçip biler. Keseliň bejergisi gipofiziň adenomasyny hirurgiki usul bilen aýyrmak, şöhle bilen bejergi geçirmek, ösüş gormonynyň artykmaç bölünip çykmagynyň öňüni alýan serişdeleri (parlodel, lizinil) ulanmak ýaly çäreleri öz içine alýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3291 gezek okalan