Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BOÝUM ÇALT ÖSÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Boýuň ösmegi nesil yzarlama häsiýetine (eger ene-ataňyz uzyn boýly bolsa), iýmitlenmäniň hiline, endokrin ulgamyň ýagdaýyna bagly bolup, ol gipofiz mäzinde işläp çykýan somatotrop gormonynyň täsiri bilen amala aşyrylýandyr. Bu gormonyň köp işlenilip çykarylmagy boýuň uzyn bolmagyna getirip biler. Ondan başga-da, bedende testosteron gormonynyň ýetmezçilik etmegi hem (siziň ýetginjeklik ýaşyňyzy hökman göz öňüne tutmaly) boýuň aşa ösmeginiň sebäbi bolup bilýändir. Degişli barlaglary geçirip, somatotrop gormonynyň ýokary işjeňliginiň basyp ýatyrylmagyna täsir etjek derman serişdeleri (görkezme bilen!) saýlamak üçin endokrinolog lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolar. Fiziki maşklaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde hem, somatotrop gormonynyň täsiri myşsalaryň ösmegine gönükdirilip, boýuň ösmegi haýallap biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1579 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location