Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOWAMLY TEŞNELIKDEN KÖSENÝÄRIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Bedende köp mukdarda peşewiň bölünip çykmasy we şonuň netijesinde suwsuzlanma döräp, teşneligiň ýüze çykmagy buşukdyryjy, ýokary gan basyşa garşy ulanylýan dermanlar we aspirin, insulin kabul edilende, piwo, kofe içgisi, gazlandyrylan içgiler işilende syn edilip bilinýändir. Şeýle-de, duzly tagamlar iýlende (nahar duzy damarlara suwy "çekip" alýar), uzak wagt dymyk, yssy howada bolma we işleme, fiziki işjeňlilik (derleme netijesinde beden suwuklyk ýitirýär) ýagdaýlarynda hem teşnelik döräp biler. Aslynda öz işjeňligine we daşky şertlere baglylykda, bedende alyş-çalyş ýagdaýlary kadaly saklamak üçin adama bir gije-gündizde 1,5-2 litre (6-8 stakan) çenli suw kabul etmek maslahat berilýär.

Ýöne dowamly teşneligiň ýüze çykyp, suwuklygyň aşa köp mukdarda kabul edilmegi galkan şekilli mäziň we galkan şekilli mäziň ýanyndaky mäzjagazyň ýokary işjeňliginde (gipertireoz we giperparatireoz), süýjüli däl we süýjüli diabetde, böwrek kesellerinde (ýiti we dowamly piýelonefrit we glomerulonefrit, böwrek ýetmezçiligi), ýokanç keselleriň ýiti döwründe ýüze çykyp bilýändir. Şeýle-de, beýniniň gipotalamus bölleginde teşneligiň merkezi ýerleşip, dürli bozulmalar (beýniniň täze döremeleri, şikeslenmeleri) onuň kadaly işlemeginde bökdençlik döredip biler.

Eger sizi hiç hili sebäpsiz, dowamly we surnukdyryjy teşnelik biynjalyk edýän bolsa, maşgala we endokrinolog lukmanyň maslahatyny alyp, degişli barlaglardan geçmek peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3834 gezek okalan