Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

INTERNETDE KÖP OTURMAK GÖZÜŇE ZYÝANLYMYKA?!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (6 Ses)

Hormatly Annatagan!

Mobil telefondan we kompýuterden çykýan elektromagnit şöhlelenmeleri diňe gözlere däl,  bedeniň başga agzalaryna hem öz täsirini ýetirýändir.

Alymlaryň soňky barlaglary mobil telefonlaryň köp ulanylmagynyň eşidiş nerwiniň we beýniniň şöhleler bilen zeperlenmegine, beýnide howply täze döremeleriň emele gelmegine töwekgelçiligi döredýändigini görkezdi. Şonuň ýaly-da, günde kompýuteriň öňünde 6 sagatdan köp oturmak, kompýuter görüş sindromynyň ýüze çykmagyna getirip biler. Bu ýagdaýyň ýüze çykyş alamatlary, goranmak çäreleri, gözüňize agram bermän kompýuteri ulanmagyň düzgünleri babatda maslahatlary, saýtymyzda gözüň görüşini goramagyň Bütündünýä gününe bagyşlanyp taýynlanan makaladan tapyp bilersiňiz.

Hormat bilen saýtyň lukmany.

  • 3032 gezek okalan